Garaşsyzlyk ruhy bilen batlanýar bedew

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýaňy-ýakynda “Aşgabat” teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde “Garaşsyzlyk ruhy bilen batlanýar bedew” atly söhbetdeşlik geçirdi.Söhbetdeşligiň dowamynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramçylygy şeýle-de gadamy batly bedewlerimiz barada täsirli gürrüňler edildi.

Hünärmenimiz Gahryman Arkadagymyzyň “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly eserlerinde bedewleriň taryhy, ösdürilip ýetişdirilişi, häzirki wagtda olara goýulýan hormat-sarpa barada beýan edilýän ajaýyp setirleri okap berdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy bedew batly beýik ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
Milli lybaslar halk mirasynyň medeni gymmatlygy
Rus halk ertekilerine syýahat
Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ylmy maslahat geçirildi
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNA SAPARY TAMAMLANDY