Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy”, ”Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly eserlerinde milli gymmatlyklarymyz

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy”, ”Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly eserleri dogrusynda döredijilik işgärleri bilen söhbetdeşlik ýazgy edildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesildennesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň özboluşly jemlenmesi bolup durýandygy , “Ömrümiň manysy” atly eserinde esasy türkmeniň ahlak kadalarynyň we ýörelgeleriň beýan edilýändigi ,bu eserleriň her bir işimizde ýol-ýörelge bolup hyzmat edýändigi dogrusynda täsirli çykyş etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Okuw-tejribe maslahaty
Sungat eseri deýin äleme dolduň, Arkadag şäheri bagtyň şäheri
Ösdi Medeniýetim, ösdi sungatym Pyragynyň arzuwlan zamanasynda
Geliň kitap okalyň
Täze gelen edebiýatlara syn