Galina we Waleriýa Kuçerenkolar
“Türkmenistanyň Hronikasyna” mälim bolmagyna görä, Galina Kuçereko 15 gije-gündiz tussaglyga höküm edildi. Aktiwist zenan “Arzuw” şäherçesindäki ýörite saklawhanada saklanylýar. Kuçerenkonyň gyzy Waleriýa ejesine hiç zat geçirmäge rugsa etmediler, ýagny onuň zerur bolan ähli zat bilen üpjün edilendigini aýtdylar.
Aktiwist goňşularynyň şikaýat etmekleri esasynda, hamala Kuçerenkonyň öz kwartirasynda saklaýan itleri we pişikleri bilen arassaçylyk düzgünlerini bozandygy üçin tussag edildi. Graždan aktiwistiniň sud seljerişligi tussag edilen gününde 7-nji dekabrda boldy.
Ýatladýarys, şol gün näbelli adamlaryň topary, hukuk goraýjy organlaryň işgärleridiklerini aýdyp, Galinanyň kwartirasyna kürsäp urdylar.
Olar demir gapyny döwdüler we eneli-gyzy zor bilen alyp gitdiler.Agşamara Waleriýany öýüne goýberdiler, oňa häkimiýet wekillerine garşylyk görkezendigi üçin 50 manat jerime salyndy.
Galina Kuçerenkonyň goragyna we goldawyna halkara kampaniýasy ýaýbaňlandyryldy. Diplomatik wekilhanalaryň bärnäçesi türkmen tarapyndan düşündiriş sorady. Halkara hukuk guramalary Türkmenistanyň hukuk goraýjy işgärleriniň hereketlerinden ynjalyksyzlyk bildirdiler.
