Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedow Galkynyş gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky çykyşynda giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler barada aýratyn belledi.Bu taryhy taslamany durmuşa geçirmegiň barşynda gaz guýularynyň gurluşygyndan başlap, gaz ýygnaýjy, gaz arassalaýjy we gazy gaýtadan işleýän desgalaryň, gaz geçirijileriň, daşky eltiji ulgamlaryň, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy amala aşyrylar.
Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, 1 müň 41 sany täze iş orny dörediler diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.Türkmen halkynyň Milli Lideri eksport mümkinçiliklerine aýratyn üns berdi.Täze guruljak desgalar mawy ýangyjyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer.
Bu bolsa ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça oňaýly şertleri döreder diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
