Gapyny açmagy öwrendi

ABŞ-nyň “Boston Dynamics” kompaniýasynyň işläp taýýarlan dört aýakly roboty mundan ozal dürli maksatlar üçin kämilleşdirilipdi.Indi bolsa ite meňzeş bu enjamyň ukyplary has hem artdyryldy.

Täze programma bilen üpjün edilen robot gapyny açyp, otaglaryň içinde aýlanyp bilýär.Maglumatlara görä, häzirki wagtda dünýäniň 35 ýurdunda müňden gowrak “Spot” roboty işjeň ýagdaýda ulanylýar.Kompaniýanyň wekilleri robotyň täze ukyplarynyň onuň, esasan hem, senagat meýdançalarynda ulanylmagyna mümkinçilik berjekdigini belleýär.

Robotyň bahasynyň 74 müň dollardygy mälim edildi. Öndürijiler bu enjamyň ulanmaga taýýar ýagdaýda satylýandygyny mälim edýärler.

Mundan ozal “Spot” roboty barmasy kyn bolan ýerlerde ýöremegi we beýleki kyn işleri ýerine ýetirmegi bilen meşhurlyk gazandy. Robot näme maksat bilen ulanyljak bolsa, şoňa görä degişli programma ýa-da gerekli goşmaça enjamlar bilen üpjün edildi.

Ýene degişli makalalar

Essentuki mineral suwunyň çüýşesiniň dizaýny täzelendi
“Ton Tik” eksport hyzmatdaşlygyna çagyrýar
Ford awtoulagyň öwrüm radiusyny kiçeldýän täze özboluşly usuly işläp taýýarlady
Xiaomi Hello Kitty äheňinde smartfon çykarar
Reuters: ABŞ-da dünýäde iň gymmat derman serişdesi ulanmak üçin tassyklandy
Hennessey dünýäde iň ýyndam we kuwwatly rodster bilen tanyşdyrdy