Ford awtoulagyň öwrüm radiusyny kiçeldýän täze özboluşly usuly işläp taýýarlady

Ford awtoulagyň öwrüm radiusyny kiçeldýän täze özboluşly usuly işläp taýýarlady

Ford kompaniýasy ulagyň öwrüminiň radiusyny kiçeltmek üçin täze çözgüt oýlap tapdy. Eger beýleki kompaniýalar dolandyrylýan yzky oky goşsalar, Ford aýratynlykda tigirleriň aýlanýan pursadyny üýtgetmegiň hasabyna öwrümleriň radiusyny kiçeltmegi teklip edýär.

Öndüriji eýýäm ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary boýunça pudak edarasyna (USPTO) degişli patent sargytnamasyny berdi.Patentiň teswirinde ýörite gözegçilik edijiniň dest tigriniň öwrüm burçunyň we tigirleriň aýlanyş tizliginiň nähilidigi bilen bagly görkezijileri yzarlajakdygy, şonuň bilen birlikde öwrümiň radiusyny kiçeltmegiň zerurlygyny kesgitlejekdigi barada aýdylýar.

Fordda bu funksiýa öwrümde kömek bermek düzgüni diýip atlandyrylýar. Şu düzgün herekete getirilende ulgam yzky içki tigre geçýän aýlaw pursadyny peseldýär we uly aýlaw pursadyny öňki iki tigre geçirýär.

Yzky tigirleriň aýlaw pursadyny peseltmek tormoz tutmagyň hasabyna gazanylýar, şonuň üçinem ulgamy, şol sanda, öňi geçirijili awtoulaglarda hem ulanyp bolýar. Şeýle ulgamyň Forduň awtoulag hatarlaryna haçan ornaşdyryljagy heniz belli däl.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda diplomatlaryň arasynda ýaýdan ok atmak bäsleşigi geçirildi
Ýylyň garaşylýan filmleri
Türkmenistanyň Baş arçasy GDA-da iň beýik Täze ýyl arçasydyr, Özbegistandan Ýewropa ilkinji konteýner otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi, Saud Arabystanynyň ilçihanasy Aşgabatda täze binasyny açdy
Elektrik energiýasy bilen işleýän mikroawtobusy tanyşdyrdy
Gibrid ulaglaryň sany artýar
2,8 milliard dollara satyn alar