Garagum etrabynyň gallaçylary 44 müň tonnadan gowrak hasyl ýygnamagy maksat edinýärler

Garagum etrabynyň gallaçylary 44 müň tonnadan gowrak hasyl ýygnamagy maksat edinýärler

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň etrabynyň gallaçy kärendeçileri 2024-nji ýylyň hasyly üçin geçen ýylyň güýzünde 21 müň 200 gektar meýdana tohum sepdiler. Şonuň 4 müň 390 gektary Üçdepe ýaýlasynda ekildi. Ekiş geçirilen meýdanlarda doly gögeriş alan gallaçylar şu ýyl etrap boýunça 44 müň 400 tonna bugdaý hasylyny ýygnamagy maksat edinýärler. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda daýhanlar ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda göwnejaý ideg edip, suw tutmak, dökün bermek ýaly gaýragoýulmasyz işleri geçirýärler. Ekinlere dökün bermekde etrap boýunça döwrebap tehnikalaryň 18-siniň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Garagum kanaly, Baýramaly daýhan birleşikleriniň gallaçylary bolsa bu işde has-da tapawutlanýarlar.

Daýhan birleşikleriniň pagtaçy kärendeçileri, daýhan hojalyklarynyň önüm öndürijileri, ýer eýeleri şu ýylda etrap boýunça 20 müň 400 gektar meýdana gowaça ekdiler.Sebitde her ýyl gowaçanyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, kesellere durnukly, hasyllylygy ýokary bolan Ýolöten — 7 orta süýümli görnüşi ekilip, bereketli hasyl ýetişdirilýär.

Agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, aýny wagtynda ekiş geçirilen ýerlerde kadaly gögeriş gazanylyp, hatarara bejergi işlerine girişildi.Zähmetkeşler şu ýyl 49 müň tonna golaý pagta hasylyny ýygnamagy maksat edinýärler.

Şeýle hem Garagum etrabynyň ekerançylardyr işewürleri, ýer eýeleri 1 müň gektar meýdana ýeralma ekdiler. Ekişde takyk ekiji gurallaryň hyzmatyndan ýerlikli peýdalanyldy. Bu işde Baýramaly, Garagum kanaly, Ak altyn daýhan birleşikleriniň daýhanlary köplere oňat görelde görkezdiler.

Ýene degişli makalalar

Ekinleri sowuk uran lebaply daýhanlar sogan we sarymsak ekmek işlerine täzeden girişdiler
Türkmen daýhanlary pagta ekmek üçin sanly tehnologiýalary işjeň ulanýarlar
Türkmenistanyň 4 welaýatynda gowaça ekişine girişildi
Daşoguzda ätiýaçlyk şaýlary öndürilýär
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanda 2023 ýyl boýunça 580 müň gektar ýere gowaça ekiler