GARAŞSYZ, BAKY BITARAP DIÝAR, BEDEW BATLY ÝURDUM ÖŇE BARÝAR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Garaşsyz, baky Bitarap Diýar, bedew batly ýurdum öňe barýar ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler ösüş-özgerişleriň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýändigi, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmekde durmuşa geçirýän beýik başlangyçlarynyň, oňyn özgertmeleriniň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda bedew batly ösüşler bilen ýurdumyzy täze üstünliklere besleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

GARAŞSYZLYK BAKY BAGTYŇ AK ÝOLY
USSAT ÝAZYJY ŞAHYR GARA SEÝITLIÝEWIŇ ÖMRI DÖREDIJILIGI NESILLERE NUSGALYK
DOWAMAT-DOWAMDYR ÝOLLARYŇ BEDEW
HALKYŇ SAGLYGY ÝURDUŇ BAÝLYGY
TÜRKMEN HALK MATALLARY KITABY ESASYNDA
ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT