GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANBEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY ÝYLY MYNASYBETLI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda 2026-njy ýyl Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanbedew batly at-myradyň mekany ýyly mynasybetli söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Garaşsyz Watanymyzyň her bir güni ajaýyp wakalara beslenýändigi, täze 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewiniň keşbinde jemlenen ösüşiň, ýeňişleriň we rowaçlyklaryň nyşanydygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda hem-de özbaşdak ösüş ýolunda bedew at milletimiziň ynamdar we ygtybarly ýoldaşy hökmünde aýratyn orun tutýandygy barada giňişleýin beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýä parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

GARAŞSYZLYK BAKY BAGTYŇ AK ÝOLY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP DIÝAR, BEDEW BATLY ÝURDUM ÖŇE BARÝAR
USSAT ÝAZYJY ŞAHYR GARA SEÝITLIÝEWIŇ ÖMRI DÖREDIJILIGI NESILLERE NUSGALYK
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANBEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY ÝYLY MYNASYBETLI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANGÖWÜNLERE GANAT BEREN BEDEWLER
Ademola Lukman 2024-nji ýylda Afrikanyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi