GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANBEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY ÝYLY MYNASYBETLI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramagynda 2026-njy ýyl Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanbedew batly at-myradyň mekany ýyly mynasybetli söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler eziz Watanymyzda 2026-njy ýyl Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany ýyly diýip atlandyrylmagy ildeşlerimizde aýratyn ruhubelentlik duýgusyny döredip, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna beslenjek ýylyň ahalteke bedewi bilen baglanyşdyrylmagy ýeneki üstünliklere ynamy artdyrýandygy barada buýsanç bilen beýan etdiler. Şeýle-de ahalteke bedewleri gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň wepaly dosty, kyn gününde syrdaşy bolup, ynsana mahsus gylyk häsiýeti hem-de eýesine wepalylygy bilen meşhurlyga eýedigi barada gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda bedew batly belent ösüşlerimiziň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

GARAŞSYZLYKHALKYMYZYŇ MILLI BUÝSANJY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANBEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY ÝYLY MYNASYBETLI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANGÖWÜNLERE GANAT BEREN BEDEWLER
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANBEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BADY AK ÝOLLARYŇ ROWANY