Garet Beýl karýerasyny ýapdy

Garet Beýl karýerasyny ýapdy

Uzak wagtlap oýlanyp, milli ýygyndydaky we klublardaky futbol ýoluma nokat goýmak kararyna geldim. Göwün bilen sport görnüşim bilen meşgullanyp, arzuwlaryma ýetendigim üçin men juda şat. Indi bolsa durmuşymda täze sahypa açmak isleýärin. Täze başdangeçirmeleriň we özgerişlikleriň wagty geldi diýip, 33 ýaşly futbolçy aýtdy.

Beýliň soňky topary Lon-Anjeles boldy. Ol Realdaky 9 ýyllyk karýerasyndan soň geçen ýyl ABŞ-yň toparyna geçdi. Garet Madrid şäheriniň kluby bilen 5 gezek Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy. Şeýle hem ol Sauthempton we Tottenhem toparlarynda hem futbol oýnady.

Garet Beýlik 64 ýyllyk arakesmeden soň Uelsiň ýygyndysy bilen geçen dünýä çempionatyna hem gatnaşandygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!
Arsenal ýeňiş bilen başlady
APL birinji tapgyr: Liwerpul utuk ýitirdi
Messi 17 ýyldan soň sanawda ýok, Ronaldo yzly-yzyna 18-nji gezek dalaşgär
APL: London derbisinde güýçler deň geldi
Çaloba Çelside galmasa-da, Londonda galyp biler