Garibabadi: Amerikanyň adam hukuklary baradaky talaplary ýalandyr

Garibabadi: Amerikanyň adam hukuklary baradaky talaplary ýalandyr

Eýranyň Kazyýetiniň Adam hukuklary işgärleriniň sekretary, Amerikanyň ynsanperwerlik kadasy babatly azyk we derman serişdelerine sanksiýalaryň girizilmändigi baradaky toslamalaryny uly ýalan diýip atlandyrdy.

Mehr habar gullugynyň habaryna görä, Adam hukuklary merkeziniň sekretary we Eýranyň kazyýetiniň halkara gatnaşyklary boýunça orunbasary Kazem Garibabadi Ženewada Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary Geňeşiniň 51-nji mejlisiniň çäginde ilçiler we Goşulmazlyk Hereketiniň wekilleri bilen duşuşanda sanksiýalaryň Eýran halkynyň adam hukuklaryna ýaramaz we weýran ediji täsirlerini ýatlap birtaraplaýyn sanksiýalar, şeýle hem olary aşa berjaý etmek Eýran halkynyň ähli adam hukuklarynyň bozulmagyna sebäp bolandyr diýdi.

Gharibabadi şeýle-de Sanksiýalaryň Eýran halkynyň saglyk hukuklaryna edýän täsiri barada gürrüň gozgap, Eýran öz halkynyň saglygyna gowy maýa goýan ýurtlaryň biridir we häzirki wagtda köp sanly derman we lukmançylyk enjamlaryny öndürendigini aýdyp şeýle-de bolsa, käbir ýagdaýlarda beýleki ýurtlardan belli hassalar üçin derman çig malyny we käbir seýrek dermanlary import etmelidir ýone kompaniýalaryň olary satmakdan ýüz öwürmegi, bu mätäç eýranlylaryň ýaşamak we saglyk hukugyna çynlakaý howp salýandyr diýip beýan etdi.

Eýranyň Kazyýetiniň Adam hukuklary işgärleriniň sekretary sanksiýalaryň Eýranyň bank ulgamyna we nebit satuwyna edýän täsirini düşündirip, sanksiýalar ýurduň girdejisiniň esasy çeşmesini we halkyň ösüşine we hal-ýagdaýyna bolan hukugyny gönüden-göni nyşana alandyr diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Gruziýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy
Aşgabatda Gruziýanyň täze Ilçisi işläp başlady
Gruziýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşyk
Şu ýyl Nobeliň edebiýat baýragyny kim alar?
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Gruziýada Saparda Bolýar
Bir güne bir iş ýeterlik. Üstünlik gazanmagyň iň aňsat usuly