Gark bolýan Tuwaluda döwletliligi saklap galmagyň çözgüdi tapyldy

Gark bolýan Tuwaluda döwletliligi saklap galmagyň çözgüdi tapyldy

Tuwalu öz döwletliliginiň kesgitlemesini üýtgetdi, ýurduň Baş kanunynda indi Tuwalu fiziki çäklerini ýitiren halatynda hem baky ýaşar diýlip aýdylýar.

Bu barada ýurduň DIM-niň başlygy Saýmon Kofe beýanat berdi diýip, Report.az habar berýär.

Bu biziň Tuwalunyň geljegini üpjün etmek barada tagallalarymyzyň bir bölegidir, sebäbi döwletlilik biziň üçin fiziki derejedäki döwlet bolmakdan has wajyp gymmatlykdyr. Bu biziň medeniýetimizdir, taryhymyzdyr. Bu Tuwalunyň ýeňilmezek ruhudyr. Bu biziň kimdigimiziň bir bölegidir, şonuň üçin ony ýitirmek islemeýäris diýip, Kofe nygtady.

Tuwalu Polineziýadaky Ýuwaş umman döwletidir, onuň ilaty 12 müň adam, eýeleýän meýdany 25 inedördül kilometre deňdir. Ol 5 sany atoly (halka ýa-da üzülen halka görnüşli merjen adasy) we Tuwalu arhipelagynyň 4 adasyny özünde jemleýär.

Ýene degişli makalalar

“Gark bolýan” döwletiň ministri suwda durup, kömek sorady
Alymlar kofe içmegiň ömri näçe uzaldýandygyny takyk kesgitlediler
Garaşylandan ýokary girdeji gazandy
Bagyr ýaglanmasynyň tebigy taýdan öňüni alyş usullary
Britan kofehanasynyň müşderileri gödeklik üçin iki esse töleýärler
Dünýäniň iň demirgazyk adasy aýsberg bolup çykdy