Gaýgysyz Töräýew Agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty — 2023-de Türkmenistana ilkinji medaly sowgat etdi

Gaýgysyz Töräýew Agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty — 2023-de Türkmenistana ilkinji medaly sowgat etdi

Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän Dünýä çempionatynda ilkinji medalyny gazandy. Has takygy, türkmenistany türgen Gaýgysyz Töräýew düýn bolup geçen 81 kilograma çenli agram derejedäki bäsleşikde kiçi bürünç medala eýelik etdi.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzasy Gaýgysyz Töräýew 11-nji sentýabrda bolup geçen 81 kilograma çenli erkekleriň arasyndaky bäsleşiklerde ştangany itekläp götermekde 193 kilogram netije görkezip, kiçi bürünç medala eýe boldy.

Şeýlelikde, agyr atletika boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň hasabyna şu gezekki Dünýä çempionatyndaky ilkinji medal goşuldy. Netijede Türkmenistanyň ýygyndy topary ýaryşda medal gazanan 21 ýurduň hataryna girdi.

Ýeri gelende ýatlatsak, Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyna 117 ýurtda türgenleriň 770-den gowragy gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Er-Riýad şäherine bardy
Arkadag we Sankt-Peterburg hyzmatdaş şäherler bolarlar, Aşgabatda ýewreý Täze ýyly bellenildi, türkmen agyr atletikaçy Er-Riýadda geçirilen dünýä çempionatynda itekläp götermekde bürünç medal gazandy we beýleki habarlar
Türkmenistanyň ýygyndysynyň agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Türkmen agyr atletikaçy Dohada bürünç medal gazandy
Türkmenistanly agyr atletikaçylar Phuketde geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşýarlar
Döredijilik erkinligini bogýan Aşgabat daşary ýurt ýazyjy-şahyrlaryna onlarça heýkel diker