Gaza zolagynyň demirgazygynda hassahana galmady

Gaza zolagynyň demirgazygynda hassahana galmady

Palestinanyň Gaza zolagyndaky Saglygy goraýyş ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Gazanyň demirgazygyndaky Indoneziýa hassahanasynyň işlemegini bes edendigi, indi kesellän we ýaralanan adamlara hyzmat berip bilmeýändigi aýan edildi.

Beýanatda Gaza zolagynyň demirgazygynda ozal Kemal Adwan, Beýt Hanun we Indoneziýa bolmak bilen 3 döwlet hassahanasynyň bolandygy we indi bolsa ählisiniň Ysraýyl tarapyndan ýapylyp, ýumrulandygy mälim edildi.

Saglyk hukugynyň ähli kanunlar we konwensiýalar bilen kepillendirilen hukukdygyna ünsler çekilen beýanatda, degişli halkara taraplara ölümiň bosagasyndaky çagalar, hamyla zenanlar, keselli we ýaralanan adamlar bolmak bilen müňlerçe palestinanyň elinden alynan şol hukugyň ýaňadandan ýola goýulmagy üçin Ysraýyla basyş edilmegi barada çagyryş berildi.

Ýene degişli makalalar

Gazada ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär
Palestinadaky wakalar türkmenistanlylaryň arasynda köp gürrüň edilýän temalaryň birine öwrülýär
Tramp: Palestinalylaryň Gaza dolanmaga hukugy ýok
Ysraýylyň çäklendirmeleri ynsanperwer kömeginiň diňe 30 göteriminiň Gaza ýetirilmegine sebäp bolýar
Ysraýyl 500 günden bäri Gazada genosid söweşini dowam etdirýär
Erdogan: “ABŞ-nyň Gaza Meselesinde Gün-Tertibine Getiren Teklibiniň Biziň Üçin Ähmiýeti Ýok”n
Trampyň emeli aň bilen taýýarlanan Gaza bilen bagly wideo ýazygysy internetde berk garşylyk döretdi