Gazagystan Täjigistany suw ýetmezçiligini çözmäge çagyrdy

Gazagystan Täjigistany suw ýetmezçiligini çözmäge çagyrdy

Gazagystan suw ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin Täjigistany goldawa çagyrdy.

Duşenbede ýerleşýän Fars habar gullugynyň habaryna görä Gazagystanyň premýer-ministri Askar Mamin Täjigistanly kärdeşi Gaher Rasulzadeh bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Gazagystandaky güýçli guraklygy aladalandyryjy bildi.

Rasulzadeh hem, 2021-nji ýylyň 16-njy iýunynda Täjigistan, Özbegistan we Gazagystanyň arasyndaky Özara düşünişmek Memorandumynda ylalaşylan mukdardan başga-da, dostlukly gatnaşyklar we hoşniýetlilik esasynda, "Täjig deňzi" suw howdanyndan goşmaça 50 kub metr suw Gazagystana bermek karara gelendigini aýtdy.

Iki premýer-ministr şeýle hem söwda, ykdysadyýet, senagat, oba hojalygy, suw we energetika, ulag we tranzit ugurlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdy.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjan, Gazagystan we Özbegistan energiýa ulgamlaryny birleşdirmekçi
Wengriýa we Hytaý hyzmatdaşlyk hakda 16 ylalaşyga gol çekdiler
“Petronas” tehnologiýa ýokary okuw mekdebi türkmen talyplary üçin onlaýn okuw guraýar
Türkmenistanyň we Tatarystanyň oba hojalyk uniwersitetleri hyzmatdaşlyk Memorandumyna gol çekerler
Türkmenistan Gyrgyzystana elektrik energiýasyny eksport edip başlady
Merkezi Aziýanyň çöl boýunça başlangyjy atly tebigaty goramak gaznasy ara alnyp maslahatlaşyldy