Gazagystan we Türkmenistan göni howa gatnawyny dikeltmegiň üstünde işlärler, Mirziýoýew Aşgabada geler, Maryda ýapon medeniýetiniň günleri geçirildi

Gazagystan we Türkmenistan göni howa gatnawyny dikeltmegiň üstünde işlärler, Mirziýoýew Aşgabada geler, Maryda ýapon medeniýetiniň günleri geçirildi

1. Gazagystanyň we Türkmenistanyň Hökümetleri iki ýurduň arasyndaky dowamly howa gatnawyny tiz wagtda dikeltmegiň üstünde işlärler. Bu barada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Serdar Berdimuhamedow bilen Astanada geçirilen gepleşikleriň dowamynda belledi.

2. Gazak Lideriniň bellemegine görä, Gazagystanyň QazaqGaz milli kompaniýasy bilen Türkmengaz Döwlet konserniniň arasynda türkmen gazyny import etmek boýunça şertnama gol çekildi. Biz uzak möhletleýin ylalaşygy baglaşmaga gyzyklanma bildirýäris hem-de ýylda satyn alynýan türkmen gazynyň möçberini 1,5 milliard kub metre çenli artdyrmaga taýýardyrys diýip, Tokaýew nygtady.

3. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 20-21-nji oktýabrda resmi sapar bilen Türkmenistana geler. Bu barada şenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Hökümentiniň mejlisiniň dowamynda habar berildi. Özbek Lideriniň Türkmenistana saparynyň dowamynda Aşgabatda Daşkent medeni-dynç alyş seýilgähiniň dabaraly ýagdaýda açylmagyna garaşylýar.

4. Mary welaýatynda ýapon medeniýetiniň günleri geçirildi. Festiwal Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň çäklerinde geçirildi. Birnäçe günüň dowamynda türkmenistanlylar milli ýapon saz guraly sýamisen, ikebany sungaty, çaý dabarasy we milli ýapon lybasy kimono bilen tanyşdylar.

5. Türkmenistan bilen Belarusyň arasynda howa gatnawlary dikeldilenden soňra Türkmen howa ýollarynyň Aşgabatdan Minske ilkinji ýolagçy uçary şenbe güni türkmen paýtagtyndan ugrady. Onlaýn-tablonyň maglumatlaryna görä, Boeing 737-800 uçary Minske ýerli wagt bilen sagat 15:35-de gondy.

6. 16-17-nji noýabrda Daşoguzda Türkmen-özbek dostluk festiwaly geçiriler. Forumyň maksatnamasynyň çäklerinde sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertini, döredijilik duşuşyklaryny, iki ýurduň halklarynyň amaly-haşam sungatynyň sergisini guramak, sahna oýunlarynyň we filmleriň görkezilişi göz öňünde tutulýar.

7. Rus multiplikatorlary ak aýyjyk Umka we onuň dosty oglanjygyň taryhynyň dowamyny döretdiler. Umka baradaky täze köp bölümli multfilm 21-nji oktýabrda prokata çykar. Köp bölümli multfilmiň sýužetine görä, Umkanyň dosty bolan oglanjyk ulalypdyr we şaman bolupdyr.multfilmiň her bir bölümi şamanyň öz çagalaryna gürrüň berýän çagalygy hakyndaky, ak aýyjyk bilen dostlugy hakyndaky aýratyn taryhdyr.

8. Beýik Britaniýadan ajy habar gelip gowuşdy meşhur britan aktýory Robbi Koltreýn 73 ýaşynda aradan çykdy. Koltreýn häzirki zaman tomaşaçylarynyň arasynda esasan Garri Potter hakyndaky kinofilmlerde ýarym-äpet, Hogwarts jadygöýlük mekdebinde açarlary saklaýjy we tokaý goragçysy Rubeus Hagridiň keşbi bilen meşhurlyk gazandy.

9.Ispaniýanyň çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň merkezi oýnunda Santýago Bernabeu stadionynda Real bilen Barselonanyň arasynda duşuşyk geçirildi.Esasy ispan güýç synanyşygynda Real 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Öý eýeleriniň düzüminde Benzema, Walwerde we Rodrigo tapawutlanmagy başardylar.

Barselonanyň ýeke-täk goluna Ferran Torres öz adyny ýazdyrdy.Duşuşykdaky ýeňşi bilen Real Ispaniýanyň çempionatynda öňdeligi eýeledi, ol 25 utuk toplady.Barselona bolsa ikinji orunda barýar 22.

10. Bahreýnde agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty tamamlandy. Medallaryň sanawy boýunça Hytaýyň ýygyndysy 6 sany altyn medal bilen birinjiligi eýeledi. Türkmenistanyň milli ýygyndysy agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda iki medal gazanmagy başardy. 71 kg çenli agram derejede 28 ýaşly Gülnabat Kadyrowa kümüş medala, 49 kg çenli agram derejede bolsa Ýulduz Jumabaýewa bürünç medala mynasyp boldular.

Ýene degişli makalalar

Nýu-Ýorkda Harri Pottere bagyşlanan dünýädäki iň uly dükan açyldy
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýadaky täze ilçisini wezipä bellendi, Türkmenistanda Arkadag şäheriniň dolandyryş çägi giňeldiler, Hasyl toýuna taýýarlyk görülýär we beýleki habarlar
Garri Potteriň ýörite bölüminiň tizeri çykdy
“Harry Potter” filmleriniň uzyn boýly Hagridi aradan çykdy
Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe guramalaryň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Siti ýeňiş, Ýunaýted ýeňliş bilen badalga aldy