Gazagystana gidýän türkmenleriň köpelmegi bilen, howpsuzlyk gulluklarynyň syýahatçylara basyşlary artýar

Gazagystana gidýän türkmenleriň köpelmegi bilen, howpsuzlyk gulluklarynyň syýahatçylara basyşlary artýar

Soňky aýlarda Türkmenistanyň günbatar welaýatyndan Gazagystana syýahat edýän raýatlaryň göz-görtele köpelendigini synlasa bolýar. Bu tendensiýanyň ýokarlanmagy bilen, türkmen howpsuzlyk gulluklarynyň Gazagystana syýahat edýän raýatlara basyşlary hem artýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji fewralda Balkandan maglumat berdi.

“Bir we üç aý möhletli syýahatçylyk wizasyny alyp, Gazagystanyň Aktau, Almaty we Žanözen şäherlerine syýahat edýän raýatlar köpelýär. Käbir adamlar bu ýerde bir aýdan üç aýa çenli zähmet çekýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Habarçymyz bu raýatlara soňky onýyllyklaryň dowamynda Balkandan Gazagystana göçüp giden garabogazly etniki gazaklaryň wagtlaýyn iş tapyp berýändigini aýdýar.

“Bu gazaklar Türkmenistandaky dostlaryny we goňşularyny Gazagystana çagyrýarlar. Olara gazanç etmäge kömek edýärler” diýip, habarçymyz belledi.

Gazagystana syýahat edýän türkmenleriň ýene bir toparyny gartaşan aýallar emele getirýär. Olar iki döwlet arasynda dürli harytlary alyp-satýarlar we Türkmenistandan Gazagystana esasan telewizor, tozan sorujy enjam, 50 kilograma çenli et önümlerini we rugsat berilýän beýleki harytlary alyp gidýärler.

"Şol bir wagtda, olar bu ýurtdan yzlaryna 10 guty çilimi we 3 litr alkogol önümlerini alyp gaýdýarlar" diýip, habarçymyz belledi.

Şeýle-de, olar MasterCard we VISA kartlaryna Türkmenistanyň banklary tarapyndan her aýda rugsat berilýän möçberdäki türkmen manadyny salyp, ony Gazagystandaky bankomatlardan dollarda nagtlaşdyryp gelýärler.

“Adamlar ykdysady kynçylyklar we işsizlik zerarly goňşy döwlete gidip, ýa-da iki döwlet arasynda dürli harytlary alyp-satyp, maşgalasyny eklemäge çalyşýarlar” diýip, balkanly başga bir ýaşaýjy belledi.

Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gury ýer serhet araçägi 400 kilometr töwereginde bolup, gazak-türkmen araçäginde “Temir baba” awtomobil geçelgesi bar we bu ýerde adybir gümrük posty ýerleşýär.

Habarçymyz iki ýurduň raýatlarynyň arasynda söwda-satygyň mundan ozalky ýyllarda hem bolandygyny, ýöne soňky aýlardaky ýaly giň gerimde bolmandygyny belleýär.

Ol bu tendensiýanyň ýokarlanmagy bilen, Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklarynyň türkmen syýahatçylaryna basyşlarynyň artýandygyny hem aýdýar.

Balkanlylaryň ençemesi her gezek Gazagystandan gelenlerinden soň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň we Döwlet Migrasiýa gullugynyň ýerli edaralarynyň işgärleri tarapyndan soraga çekilýändiklerini aýdýar.

“Üç aýlyk syýahatçylyk wizasy Gazagystana günde gidip gelmäge mümkinçilik berýär. Ýöne her gezek gidip gelenimden soň, men we meniň ýaly rugsat berlen dürli harytlaryň ownuk söwdasyny edýän onlarça söwdagär ýörite gulluklar tarapyndan soraga çekilýär. Olar bize gazak döwletine tiz-tizden gatnaýandygymyz bilen bagly dürli soraglary berýärler” diýip, balkanly söwdagär anonim şertde gürrüň berdi.

Söwdagärleriň tassyklamagyna görä, olardan Gazagystanda kimler bilen gatnaşyk saklaýandyklary, myhmanhanadamy ýa-da kwartirada bolýandyklary, ol ýerde garyndaşynyň bardygy ýa-da ýokdugy, näme haryt alyp satýandyklary we ondan näçe peýda görýändikleri soralýar.

“Baran ýeriňde Türkmenistanda iş ýokdugy we beýleki problemalar barada gürleýäňmi? Ýurduň içerki maglumatlaryny satýarmyň? Gazak sim kartyny ýa-da WiFi Internetini ulanyp gördüňmi? ýaly soraglary berip, hut ýüregiňe düşýärler” diýip, balkanly söwdagär belledi.

Onuň sözlerine görä, ýerli migrasiýa resmileri üç aýlyk syýahat wizasyny alyp, Gazagystanda zähmet çekip gelen balkanlylary bolsa, özleriniň “gadaganlyk sanawyna” goşýarlar.

“Käbir adamlar syýahat wizasy bilen gidip, ol ýerde iki-üç aý işläp, gazanç edip gelendigini aýdýarlar. Migrasiýa ofiserleri munuň bikanundygyny aýdýarlar we özleriniň gadaganlyk sanawyna goşýarlar. Bu sanawa goşulanlar hiç bir ýurda gidip bilmeýärler. Ýöne bu sanawdan adyny öçürtmek isleýän raýatlar migrasiýa resmilerine 20 müň manat para berýärler” diýip, balkanly başga bir söwdagär anonim şertde gürrüň berdi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada MHM-niň we Döwlet Migrasiýa gullugynyň ýerli resmilerinden teswir alyp bilmedi. Ýöne Azatlygyň habarçylary daşary döwletlere syýahat edýän ýa-da ýurda dolanan raýatlaryň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan soraga çekilýändigi barada soňky ýyllarda ençeme gezek maglumat berdiler.

Ýagdaýlardan habarly balkanlylaryň aýtmagyna görä, Gazagystanda wagtlaýyn ýaşamaga rugsatnama alan türkmenleriň sany hem köp. Ýokary bilimli bu raýatlar uzak möhletleýin şertnama esasynda esasan nebit-gaz kärhanalarynda işleýärler.

“Bu raýatlar aýda 3 müň dollara çenli gazanyp, Türkmenistandaky maşgalalaryny ekleýärler. Aktau şäherinde aýda $600-$1000 gazanyp, zähmet çekýänler hem bar. Ýurtda dowam edýän işsizlik, aýlyklaryň azlygy Gazagystana gidýän balkanlylaryň sanynyň köpelmegine getirdi” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy belledi.

Türkmenistanda soňky alty ýyldan gowrak wagt bäri ýiti ykdysady kynçylyklar dowam edýär. Ýurtda giň ýaýran işsizligiň we harytlaryň gymmatçylygynyň arasynda, soňky ýyllarda gazanç gözleginde daşary ýurtlara gidýän türkmenistanlylar köpelýär. Bu barada habarçylarymyz yzygiderli maglumat berýärler.

Ýurtdaky ykdysady kynçylyklary we giň ýaýran işsizligi aç-açan boýun almaýan türkmen häkimiýetleri raýatlaryň daşary ýurtlara akymy barada hiç hili mesele gozgamaýarlar. Resmi media hem bu barada maglumat bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Gazagystan Türkmenistanyň serhedine barýan awtoulag ýolunda abatlaýyş işlerini amala aşyrar
Türkmen talyby: VISA kartlaryny ýapdylar; çörek almaga-da pulumyz ýok
Bananyň dünýä nyrhlary gymmatlar diýlip garaşylýar
Öýken üçin peýdaly azyklar….