Gazagystanda täze şäher gurlar

Gazagystanda Almaty welaýatynda täze “Talgar Eko” şäheriniň gurluşygynyň jikme-jiklikleri hödürlendi. Almaty sebitiniň häkimliginiň maglumatyna görä, şäher 180 müň ýaşaýja niýetlenen we 11,8 million inedördül metr meýdany eýelär.

Taslama ýaşaýyş jaýlaryň, mekdepleriň, lukmançylyk edaralarynyň, söwda we dynç alyş merkezleriniň, şeýle hem “ýaşyl” jemgyýetçilik meýdançalarynyň gurluşygyny öz içine alýar.

Ekologiýa durnuklylygyna we “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berler. Taslama emeli aň arkaly innowasion infrastruktura döretmegi, 36 müň iş ornuny döretmegi we 14 milliard dollardan gowrak maýa goýum çekmegi öz içine alýar.

Ýene degişli makalalar

K.I.Satpaýew adyndaky Gazak milli ylmy-barlag tehniki uniwersitetinde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenildi
Gazak milli mugallymçylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenildi
Türkmenistan we Gazagystan Aşgabatda hem-de Almatyda söwda öýlerini açarlar
Gazak milli agrar ylmy-barlag uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenildi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
1-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti