Türkmenistan we Gazagystan özara söwda öýlerini Aşgabatda we Almatyda açmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministrliginiň resmi metbugat gullugy çarşenbe güni habar berdi, degişli resminama “Açyk NPA” portalyna ýerleşdirildi.
Gazagystan tarapy, Türkmenistan bilen degişli şäherlerde söwda wekilhanalaryny döretmek barada şertnamanyň taslamasyny jemgyýetçilik ara alyp maslahatlaşmasyna çykarandygyny mälim etdi.
Resminama daşary söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk esasynda özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga gönükdirilendir.
Söwda öýleri milli öndürijileriň harytlaryny we hyzmatlaryny öňe sürýän merkezler bolar. Bu ýerde sergileri, marketing çärelerini geçirmek, şeýle hem iki döwletiň işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.
Resminama laýyklykda söwda öýleri bir ýylyň dowamynda hasaba alynmagyny we işe girizilmegi, şeýle hem Gazagystan we Türkmenistanyň hökümetleri tarapyndan bina üpjünçiligi, logistika infrastrukturasyndaky şertleriň ösdürilmegi hem-de kärhanalaryň netijeli işlemegi üçin zerur mümkinçilikleriň döredilmegi bilen bagly goldawlaryň berilmegini göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistana resmi saparynyň çäklerinde türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylyş dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.