Gazagystanyň obalaryna gönüden-göni kosmosdan internet birikdiriler

Gazagystanyň paýtagtynda Digital Bridge 2023 atly halkara tehnologiýa forumy geçirilýär. 12-13-nji oktýabrda geçirilýän halkara çärä dünýäniň ençeme ýurdundan öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalary gatnaşýar. Şolaryň hatarynda “SpaceX” kompaniýasy hem bar.

Belli işewür Ilan Maskyň ýolbaşçylyk edýän bu kompaniýasy “Starlink” atly taslamanyň çäginde Ýer ýüzünde medeni zolakdan uzakdaky internetiň pes ýerlerini gönüden-göni kosmos giňişligindäki emeli hemralar bilen üpjün etmegi maksat edinýär.

Onuň çäklerinde häzire çenli Ýeriň aşaky orbitasyna internet paýlamaga niýetlenen bäş müňden gowrak emeli hemra ornaşdyrdy.Halkara sergä kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Loren Dreýer hem gatnaşýar.

Gazagystanyň sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministri Bagdat Musiniň habar bermegine görä, alty aýyň dowamynda Gazagystanyň oba mekdepleriniň iki müňüsi internet bilen üpjün ediler.Ministr halkara foruma “SpaceX” kompaniýasynyň başlygynyň orunbasarynyň gelendigini, onuň bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirilendigini belläp, amerikan kompaniýasynyň wekili hormatly Prezident bilen geçirilen duşuşykda uzak ýerlerde ýerleşýän oba mekdepleriniň 2 müňüsine “SpaceX Starlink” tehnologiýasynyň kömegi bilen internet üpjünçiligini döretmek babatda ylalaşandygyny aýtdy.

Ministriň sözlerine görä, alty aýyň dowamynda 2 müň oba mekdebine “Starlink” arkaly ýokary tizlikli internet bökdençsiz ýagdaýda berler.Bu hyzmatdan diňe bir mekdepleriň mugallymlary we okuwçylary däl, eýsem oba ýaşaýjylary hem peýdalanar.

Ministr munuň oba ýerlerine internet üpjünçiligi üçin şert döretjekdigini belläp, obalara 100-200 M/bit tizlikde internet birikdirilen halatynda oba ýaşaýjylarynyň ondan peýdalanyp biljekdigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Ilon Mask Nobeliň parahatçylyk baýragyna hödürlendi
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
Ilon Mask Twitteriň emblemasyny üýtgetdi
2023-nji ýylda dünýäniň iň baý maşgalalary
Ilon Mask adam paýhasyndan ozdurjak superintellektiň dörejekdigini aýtdy
Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi