Ilon Mask Twitteriň emblemasyny üýtgetdi

Ilon Mask Twitteriň emblemasyny üýtgetdi

Twitter hasabynyň beýanyna “X.com” diýip ýazan Ilon Mask, "X.com" salgysynyň indi "twitter.com"-a gönükdirilýändigini habar berdi.

Twitteriň platformadaky resmi hasabynyň awatary hem "X" harpy bilen üýtgedildi, Ilon Maskyň hasabyndaky guş emblameasynyň ýerinede X harpyny ulanandygyny görüp bolýar.

Mundan başgada "X.com" salgysynda guş emblemasynyň ýerinede X emblemasy çykýar.

Ilon Mask düýn beren beýanatynda: "Bu gije gowy bir X emblemasy paýlaşylsa, ertir bütin dünýäde ýaýlyma geçeris. Şu X ýaly" diýip belläpdi.

SpaceX we Tesla ýaly kärhanalaryň eýeleri bolan Ilon Mask, Twitteri geçen ýylyň oktýabr aýynda satyn alypdy we şol günden bäri radikal üýtgeşmeleri durmuşa geçiripdi.

Ýene degişli makalalar

Mask adamzadyň halas bolmagy üçin şertleri agzady
Tramp wezipelere belledi
“Time” žurnaly “emeli aň arhitektorlaryny” ýylyň adamy diýip atlandyrdy
Baýlygy 600 milliarddan geçdi
Maskyň baýlygy 700 milliard dollardan geçdi
Tesla kompaniýasy köpçüligi CyberCab robotakisisi bilen tanyşdyrdy
Sürüjisiz taksi hyzmatyny hödürleýär