GDA-nyň başlyklygy Gyrgyzystana geçip biler

2023-nji ýylda GDA-nyň başlyklygy Gyrgyz Respublikasyna geçip biler. Bu barada GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew habar berdi.

-Döwlet Baştutanlary geňeşiniň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisiniň meselelerinden biri geljek ýyl GDA-da başlyklyk meselesi bolar. Gyrgyz Respublikasynyň bu başlyklygy kabul etmegi üçin eýýäm razylyk aldyk. Gyrgyzystan рйяшклш цфпевф egindeş başlyk bolup durýar. 2023-nji ýylda Gyrgyzystanyň başlyk bolmagyna garaşylýar – diýip, Sergeý Lebedew aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Gyrgyzystan geljekki başlyklyga taýyn.Meniň bilşime görä, beýleki döwletler Gyrgyzystanyň bu islegini goldaýar. Şeýle hem, 14-nji oktýabrda Gyrgyzystanyň geljek ýyl GDA-nyň başlygy boljakdygy barada kararyň kabul ediljekdigine ynanýaryn – diýip, Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy aýtdy.

Golaýda döwletleriň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň geňeşiniň yzygiderli ýygnagy – GDA-nyň gatnaşyjylarynyň we Arkalaşygyň beýleki guramalarynyň maslahaty Minskdäki GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde geçirildi.Duşuşykda hemişelik wekiller 13-nji we 14-nji oktýabrda Nur-Sultanda geçiriljek daşary işler ministrleri geňeşiniň we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň yzygiderli mejlisleriniň gün tertibini düzüp, tekliplere garadylar. Şeýle-de GDA-nyň hökümet Baştutanlary geňeşiniň mejlisini 28-nji oktýabrda Gazagystanyň paýtagtynda geçirmek meýilleşdirildi.

Ýene degişli makalalar

GDA-nyň başlyklygy Gyrgyzystana geçip biler
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI GÜNORTA AFRIKA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
Türkmenistanyň ilçisi Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
Gazagystanda ilkinji gezek Meýletinçileriň Merkezi Aziýa forumy geçirilýär
Moskwa Gazagystanyň kömegi bilen sanksiýalardan sowulmak isleýärmi? Merkezi Aziýa Russiýadan ýüz öwürýärmi?
Gazagystanda möhletinden öň Prezident saýlawlary geçiriler