Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Maltanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen A-92 awtobenzini, ýangyç mazudyny, Türkmengaz döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 awtobenzini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Gonkongyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri dürli görnüşli tüýjümek önümleri, ýorgan-düşek toplumlaryny, ranfors, nah ýüplügi, matany hem-de hasany satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 137 million dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 28 million 73 müň manatdan gowrak bolan bugdaý harpygyny, binýatlyk ýagy hem-de Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

Lebapda A-80 kysymly benzin tapdyrmaýar
Birža söwdalarynyň umumy möçberi $105,7 milliondan geçdi
Dekabr 2023: TDHÇMB-daky eksport söwdalarynyň umumy möçberi $155 milliondan geçdi
Türkmenistan BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna saýlandy
Diňle: Lebapda A-80 kysymly benzin tapdyrmaýar
Innowasiýa esaslanýan durnukly ösüşiň ekologiýa bilen sazlaşygy