Lebapda A-80 kysymly benzin tapdyrmaýar

Lebapda A-80 kysymly benzin tapdyrmaýar

Lebap welaýatynyň ýangyç guýýan beketlerinde A-80 kysymly awtoulag benzininiň satuwy bes edildi. Azatlyk Radiosynyň bu barada sebitden maglumat berýän habarçysy ECO-93 kysymly awtobenziniň bolsa, indi bir ýyldan gowrak wagt bäri tapdyrmaýandygyny aýdýar.

Bu maglumatlar, Türkmenistanyň bahasy ýüzlerçe müň amerikan dollaryna barabar bolan nebit önümlerini, şol sanda A-92 we ECO-93 awtobenzini daşary ýurtlara satandygy baradaky maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.

“A-80 kysymly benzin iýul aýynyň başyndan bäri tapdyrmaýar. Ýangyç guýýan beketlerde A-80 benziniň kolonkasyndaky şlangy kolonkanyň daşyna aýlaw edip, baglap goýupdyrlar” diýip, habarçy aýtdy.

Ol mundan ozal benzin ýetmezçiligi emele gelende, hususy eýeçilikdäki awtoulaglaryň sürüjilerine satylmaýan gyt ýangyjyň döwlet edara-kärhanalarynyň ulaglaryna guýlup berlendigini hem belledi.

“Häzir A-80 benzini hiç kime satmaýarlar. Ýangyç beketleriniň işgärleri A-80 benziniň ýokdugyny aýdyp, ähli sürüjilere A-92 ýa-da A-95 benzinden guýdurmagy teklip edýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz habarçymyza gürrüň berdi.

Bu aralykda, sebitiň ýangyç guýýan beketlerinde ECO-93 kysymly awtobenzin bolsa, indi bir ýyldan gowrak wagt bäri tapdyrmaýar.

“Mundan öň ýangyç beketlerinde ECO-93 awtobenzinini satmak üçin ýörite kalonkalar bardy. Olarda 'A-93 benzin’ diýen ýazgy bardy. Häzir bu kalonkalar düýbünden ýok we olaryň deregine A-92 kysymly kalonkalar bolup, olarda A-92 benzin satuwa goýberilýär” diýip, habarçymyz aýtdy.

Azatlygyň nebiti gaýtadan işleýän iri zawodyň ýerleşýän welaýatynda benzin gytçylygynyň emele gelmegi we onuň sebäpleri barada “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginden kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady.

Türkmenistanyň iň iri nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň biri Lebabyň Seýdi şäherinde ýerleşýär. Muňa garamazdan, soňky aýlarda sebitde ýiti benzin gytçylygy ýygy-ýygydan ýüze çykýar.

Benzin gytçylygy baradaky soňky maglumatlar, Türkmenistanyň bahasy ýüzlerçe müň amerikan dollaryna barabar bolan nebit önümlerini daşary ýurtlara satandygy baradaky maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi. Bu barada türkmen mediasy soňky bir aýyň dowamynda ençeme gezek habar berdi.

Hususan-da, 12-nji iýunda çap edilen habarda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Maltanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň beýlekiler bilen bir hatarda, “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen A-92 we ECO-93 awtobenzinleri satyn alandygy mälim edildi.

Soňky üç ýyla golaý wagt bäri Türkmenistanyň dürli sebitlerinde benziniň we dizel ýangyjynyň gytçylygy ýygy-ýygydan ýüze çykýar, nobatlar döreýär, benzin çäkli satylýar, käbir halatlarda satuwdan aýrylýar.

Geçen aýyň başynda geçirilen hökümet maslahatynda şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan benzin öndürmegiň meýilnamasynyň 111,9 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 107,5 göterim ýerine ýetirilendigi yglan edildi.

Ýöne maslahatda ýangyja baý Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda emele gelýän awtobenzin gytçylygy, onuň sebäpleri baradaa kelam agyz söz aýtmadylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Balkan welaýatynda benzin gytçylygy döredi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynyň umumy möçberi $105,7 milliondan geçdi
Türkmenistan BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna saýlandy
TDHÇMB-da çarşenbe güni eksport geleşikleri $24,8 milliondan geçdi
Durnukly ulag, energetika ykjamlygy hem-de BMG-niň Aral deňziniň basseýni üçin ýörite maksatnamasy baradaky kararynyň ýerine ýetirilişi ara alyp maslahatlaşyldy