Türkmenistan 2024-2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasyna saýlandy

5-nji dekabrda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistan Ilat we ösüş komissiýasyna 2024-2028-nji ýyllar üçin biragyzdan agzalygyna saýlandy.

Geňeşiň agzalarynyň goldawy netijesinde Türkmenistan häzirki wagtda komissiýanyň agzasy hökmünde yzygiderli iki möhletiň işlerini ýerine ýetirýär: 2016-2020 we 2020-2024-nji ýyllar.

Ilat we ösüş komissiýasy (CPD) ECOSOC-yň on sany komissiýasynyň biri bolup, ol Geňeşiň ilat we statistika pudagyndaky meseleler we tendensiýalar, bu ugurda milli we sebit maksatnamalaryna we meýilnamalaryna ählumumy strategiýalaryň integrasiýasy ýaly meseleler boýunça gözegçilik edýän, utgaşdyryjy we maslahat beriji edaradyr.

Komissiýanyň hemişelik sekretariaty BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamentiniň ilat bölümi bolup durýar.

Türkmenistanyň Statistika boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçylary her ýyl Nýu-Ýorkda geçirilýän komissiýanyň mejlislerine gatnaşýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan ECOSOC Ilat we ösüş komissiýasyna saýlandy
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi
TDHÇMB: Awgust aýynda söwdalar 207 million ABŞ dollaryndan geçdi
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 52 geleşik baglaşyldy
Balkan welaýatynda benzin gytçylygy döredi
Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Milli iş toparynyň tegelek stolunyň bilelikdäki mejlisi geçirildi