Geljekki türkmen diplomatlarynyň arasynda kitap okamak boýunça bäsleşik geçirildi

Geljekki türkmen diplomatlarynyň arasynda kitap okamak boýunça bäsleşik geçirildi

10-njy iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň Ýaş žurnalistler ylmy-döredijilik gurnagynyň işjeň agzalarynyň guramagynda kitap okamak boýunça geçirilen Kitap okan gullar, magnydan dokdur atly bäsleşiginiň jemleri jemlendi.

Bäsleşige türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň ähli fakultetlerinden isleg bildiren talyplar gatnaşdylar.Bäsleşigiň dowamynda gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň saýlanyp alnan 15 sany goşgusy, halypa ýazyjy, publisist Gurbannazar Orazgulyýewiň Heňňam hekaýatlary atly ýygyndysy hem-de Atajan Taganyň Keseki romany boýunça test soraglaryny çözdüler.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça 1-nji orna Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Gurbanmyrat Aşyrow, 2-nji orna şol fakultetiň 2-nji ýyl talyby Ajaýyp Nobatowa, 3-nji orna bolsa şol fakultetiň 1-nji ýyl talyby Aýşirin Döwletowa mynasyp boldular.

Kitap okan gullar, magnydan dokdur atly kitap okamak bäsleşiginde ýeňiji bolan talyp Gujurly nesil bilim merkezinde daşary ýurt dilleri boýunça okuwlaryň bir tapgyryny (üç aý) tölegsiz okamaga hukuk gazandy hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Hormat haty bilen sylaglandy. Baýrakly orunlary eýelänler bolsa Gujurly nesil bilim merkeziniň dürli görnüşli arzanladyşlaryna we institutyň Hormat hatlaryna mynasyp boldular.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Aşgabatda Halkara jaz güni mynasybetli konsert geçirildi
ÖRKÜNI AÝDYMA BAGLAN BAGŞY
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň kazyýet edaralarynda işgärleriň ýerlerini üýtgetdi
Türkmenistanyň we Tatarstanyň döwlet Baştutanlary Budapeştde duşuşyk geçirdiler, Türkmenfilm Astrahanda Magtymguly Pyragy barada dokumental filmi üçin sýužet taýýarlar, Türkmenistanly göreşçiler halkara ýaryşynda üç medal gazandylar we beýleki habarlar