Türkmenistanyň we Tatarstanyň döwlet Baştutanlary Budapeştde duşuşyk geçirdiler, Türkmenfilm Astrahanda Magtymguly Pyragy barada dokumental filmi üçin sýužet taýýarlar, Türkmenistanly göreşçiler halkara ýaryşynda üç medal gazandylar we beýleki habarlar

Türkmenistanyň we Tatarstanyň döwlet Baştutanlary Budapeştde duşuşyk geçirdiler, Türkmenfilm Astrahanda Magtymguly Pyragy barada dokumental filmi üçin sýužet taýýarlar, Türkmenistanly göreşçiler halkara ýaryşynda üç medal gazandylar we beýleki habarlar

Türkmenistan

1.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýeňil atletika boýunça XIX dünýä çempionatynyň çäginde Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.Taraplar wekiliýetleriň ýakyn wagtda boljak saparlarynyň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Düýn Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Wengriýa geldi we bu ýerde Respublikanyň premýer-ministri Wiktor Orban bilen duşuşyk geçirdi.Mundan başga-da, döwlet Baştutany Budapeştde geçirilýän 2023-nji ýyldaky ýeňil atletika boýunça XIX dünýä çempionatyna baryp gördi.

2. 2024-nji ýylda türkmen halkynyň beýik şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bolar. Bu waka Türkmenistanda we Russiýada dürli medeni we ylmy çäreler bilen belleniler. Şahyryň hatyralanjak ýerleriniň biri hem Astrahan oblasty bolar, bu ýerde Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň topary Magtymguly Pyraga bagyşlanan dokumental film üçin sýužet taýýarlar.

3. 1-nji sentýabrda Ahal welaýatynda 7 sany täze umumybilim berýän orta mekdep we 4 sany çagalar bagy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berler. Ahalyň mekdeplerinde eýýäm 10,6 müňden gowrak mugallym işe ýerleşdirildi, çagalar baglarynda bolsa 1,6 müň terbiýeçi zähmet çekýär.

4. Awgust aýynyň ortalary Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky Awaza milli syýahatçylyk zolagynda suwa düşmek möwsüminiň iň gyzgalaňly wagty. Hazar deňzi tomsuna 24 gradusa çenli gyzýar. Ýyly deňiz rahat dynç almak isleýänleriň barha köpüsini özüne çekýär. Awazada dynç alýanlar üçin seýilgähler, attraksionlar, sport meýdançalary, ýahta kluby, kafeler we restoranlar hereket edýär. Agşamlaryn dynç alyş zolagynyň meýdançalarynda konsertler we çykyşlar guralýar.

Dünýäde

5.Smartfonyň ýanmagy seýrek, ýöne howply hadysadyr.Smartfonyň batareýasynyň ýanmagyna sebäp bolup biljek birnäçe meseleler bar.Iň giň ýaýran sebäp batareýa fiziki zeper ýetmegidir.Köplenç, bu ýagdaý telefonyň yzygiderli elden gaçmagy sebäpli bolýar.

Ikinji ýerde pes hilli ýa-da kuwwaty boýunça gabat gelmeýän zarýad berijiniň ýa-da energiýany sazlaýjy ulgamy bolmadyk pauer-benkiň ulanylmagy.Smartfonyň Gün şöhlesinde aşa gyzmagy hem batareýanyň zaýalanmagyna getirýär.

Gowy tarapy, smartfonlar seýrek ot alyp ýanýarlar, köplenç, olar diňe tüsseläp başlaýarlar.Hakyky ýangyn batareýa zaýalanan halatynda smartfonyň çygly gurşawa girmegi bilen başlanyp biler.

6.Gadymy Karfagen şäheriniň çäginde altyn hazyna tapyldy, arheologlar onuň 2300 ýyl ýaşy bar diýip kesgitlendiler.Hazyna gadymy ybadathananyň çäginde tapylandygy sebäpli, gymmat bahaly zatlaryň hudaýlara gurbanlyk hökmünde niýetlenendigi barada netijä gelindi.

Arheologlar diametri 2,5 santimetr bolan birnäçe altyn teňňeden başga-da, mazar daşlaryny we gurban berilýän haýwanlaryň hem-de adamlaryň galyndylaryny tapdylar. Şaýy pullary Karfageniň baý ýaşaýjylary esasy hudaýlara Hammon hudaýyna we Tanit zenan hudaýyna galdyrypdyrlar.

Biziň eýýamymyzdan, takmynan, 900 ýyl öň döredilen Karfagen gadymy dünýäniň medeni, ykdysady we syýasy merkezleriniň biri bolupdyr.Häzirki wagtda Karfagen Tunis döwletiniň çäginde ýerleşýär.

Sport habarlary

7. 21-nji awgustdan 2-nji sentýabra çenli Aşgabatda Aziýa Futbol konfederasiýasynyň (AFK) PRO derejeli tälimçilik ygtyýarnamasyny bermek maksatnamasy boýunça tälimçilik okuwynyň birinji hem-de ikinji modullary geçirilýär.Bu professional futbol toparlaryny türgenleşdirmek hukugyny berýän iň ýokary tälimçilik derejesidir.

Okuwlara ýurduň çempionatynyň toparlaryna we milli ýygyndysyna wekilçilik edýän 15 sany ýerli tälimçi gatnaşýar.Olar UEFA-nyň görükdirijisiniň ýolbaşçylygynda futbol oýnunyň nazary we amaly taraplaryny öwrenýärler.

8. 11 17-nji sentýabr aralygynda Gazagystanyň Şymkent şäherinde 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda tennis boýunça Aziýanyň çempionatynyň jemleýji tapgyry geçiriler, oňa türkmenistanly türgenler hem gatnaşarlar. Ýaşlar topary 2023-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda tamamlanan Merkezi Aziýanyň saýlama ýaryşynda ilkinji gezek ikinji orny eýelemek bilen, ýaryşyň jemleýji tapgyryna gatnaşmak hukugyny gazandylar. Ýakyn günlerde Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy Eziz Döwletow Kuala-Lumpurda geçirilen Aziýada tennis ösdürmek boýunça ýolbaşçylar üçin okuw sapagyna gatnaşdy.

Forumyň dowamynda ol Aziýanyň Tennis federasiýasynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň we sebitde bu sporty ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdy.

9.Erkin we grek-rim göreşleri boýunça türkmen türgenleri Buharest şäherinde geçirilen halkara ýaryşynda gowy netijeleri görkezdiler.Erkin göreş boýunça türkmen göreşçileriniň ikisi hormat münberine çykdylar: Döwletmyrat Orazgylyjow 92 kilograma çenli agram derejesinde ýeňiji boldy, Gurbanmyrat Öwezberdiýew bolsa 79 kilograma çenli agram derejesinde ikinji orny eýeledi.

Grek-rim göreşinden 55 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Umyt Durdyýew hem ýaryşyň altyn medalyna mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Yragyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär, Ýagşymyradow Bellator ýaryşynda ýeňiş gazandy, Türkmenistanyň medeniýet ministri TURKSOÝ-yň mejlisine gatnaşar we beýleki habarlar
25.09.2020 | Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
Ýörelgeler dowamy: ýaşajyk nakgaşlar ahal-teke bedewlerine bagşlanan işlerini görkezdiler
Türkmen pälwanlarynyň iki medaly
08.07.2019 | Türkmen pälwanlarynyň iki medaly
Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynda 23 medaly gazandylar