Türkmen pälwanlarynyň iki medaly

Madridde 5 — 8-nji iýulda Ispaniýanyň Gran-pri halkara ýaryşy geçirildi.Oňa dünýäniň 47 ýurdundan güýçli türgenleriň iki ýüzden gowragy gatnaşdy.Bu ýaryşda Türkmenistana dürli agram derejelerinde çykyş edýän türgenleriň üçüsi wekilçilik edip, olar tutanýerli göreşiň barşynda bir altyn we bir kümüş medallary gazandylar. Şeýlelikde, Balkanabat şäheriniň sport mekdebiniň tälimçisi Batyr Borjakow (70 kilogram) öz agram derejesinde bäsdeşlerinden üstün çykyp, hormat münberiniň ýokarky basgançagyny eýeledi.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Döwletmyrat Orazgylyjow 86 kilogram agram derejesinde jemleýji tutluşykda az-kem asgyn gelip, ýaryşyň kümüş medalyna mynasyp boldy.Soňky ýyllarda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde bedenterbiýäni we ýokary görkezijiler sportuny ösdürmäge uly üns berilýär.

Sportuň dürli görnüşlerini wagyz etmek boýunça degişli işler geçirilýär, türgenlerimiziň ussatlygy ýokarlanýar, geljekki çempionlarymyzyň hatarlary artýar.Erkin göreş hem şol özgerişliklerden çetde galmady, netijede milli ýygyndy toparymyzyň baýraklarynyň üsti dürli halkalara ýaryşlarynyň medallary bilen ýetirildi.

Ýene degişli makalalar

24.09.2017 | Oýunlarda Türkmenistanyň gazanan medallarynyň sany 200-den aşdy
Türkmenistanly pälwan Aziýa oýunlarynda dopingde tutuldy
08.07.2019 | Türkmen pälwanlarynyň iki medaly
Türkmenistanyň we Tatarstanyň döwlet Baştutanlary Budapeştde duşuşyk geçirdiler, Türkmenfilm Astrahanda Magtymguly Pyragy barada dokumental filmi üçin sýužet taýýarlar, Türkmenistanly göreşçiler halkara ýaryşynda üç medal gazandylar we beýleki habarlar
Aziýa çempionatynda çykyş etjek türkmen pälwanlary belli boldy
Yragyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär, Ýagşymyradow Bellator ýaryşynda ýeňiş gazandy, Türkmenistanyň medeniýet ministri TURKSOÝ-yň mejlisine gatnaşar we beýleki habarlar