Gepleşik boýunça hyzmatdaşy derejesine eýe boldy

Birleşen Arap Emirlikleri Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) gepleşik boýunça hyzmatdaşy derejesine eýe boldy. Bu barada BAE-niň habar gullugy habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, guramanyň daşary işler ministrleriniň 4-5-nji maýda Hindistanda bolup geçen duşuşygynyň çäklerinde BAE-niň gepleşik boýunça hyzmatdaşy hökmünde birleşigiň işine gatnaşmagyny göz öňünde tutýan özara düşünişmek baradaky memoranduma gol çekildi.

Bu resminama ŞHG-niň Baş sekretary Çžan Min we BAE-niň Hindistandaky ilçisi Abdel Naser al-Şaali gol çekdi.Agentligiň belleýşi ýaly, gepleşik boýunça hyzmatdaş derejesiniň berilmegi “BAE-niň beýleki ýurtlar we halkara guramalar bilen deňagramly hyzmatdaşlygy saklamak we ösdürmek ugrundaky yzygiderli tagallalaryny görkezýär”.

BAE-niň daşary işler ministri Şeýh Abdalla ben Zaýid Al Nahaýan “umumy maksatlara ýetmek üçin ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmekde şeýle birleşikleriň aýratyn ähmiýetini” belläp geçip, ŞHG-niň Ýewraziýadaky syýasy durnuklylygy we ykdysady ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýetine ünsi çekdi. “Öňümizdäki döwürde BAE ŞHG-niň işine işjeň gatnaşmaga we agza döwletler bilen gatnaşygy berkitmäge çalyşar.

Biz global täsiri we ähmiýeti artýan guramanyň hyzmatdaşy bolmakdan hoşal” diýip, agentlik ministriň sözlerine salgylandy.

ŞHG-ä agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi 4-5-nji maýda bu gurama ýolbaşçylyk edýän Hindistanyň günortasyndaky Goa ştatynyň paýtagty – Panaji şäherinde geçirildi.

ŞHG-ni döretmek baradaky jarnama 2001-nji ýylyň iýun aýynda Şanhaýda alty döwlet – Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Täjigistan we Özbegistan gol çekdi.Häzirki wagtda bu gurama Hindistan we Pakistan hem girýär.

Synçy döwletler – Owganystan, Belarus, Eýran we Mongoliýa, gepleşik boýunça hyzmatdaşlary – Azerbaýjan, Ermenistan, Kamboja, Nepal, Türkiýe we Şri-Lanka. ŞHG-niň 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Duşanbe şäherinde geçirilen sammitinde Eýrany bu gurama kabul etmegiň tertibi başlandy. Şu ýyl Belarus ŞHG-ä doly agza bolmak üçin resmi taýdan ýüz tutdy.

Ýene degişli makalalar

“DIALOG — PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI” — HALKARA GATNAŞYKLARYŇ TÄZE FILOSOFIÝASY
Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşar
Ministr Eýranyň iýulda ŞHG-iň agzasy boljakdygyny habar berdi
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Maslahaty Hindistanda Geçirler
Türkmenistanyň ŞHG-niň sammitine gatnaşmagyna garaşylýar
ŞHG ýeke-täk puly ulanmakçy däl