Türkmenistanyň ŞHG-niň sammitine gatnaşmagyna garaşylýar

Türkmenistanyň ŞHG-niň sammitine gatnaşmagyna garaşylýar

Türkmenistanyň 4-nji iýulda geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşmagyna garaşylýar. Ilkibaşda Hindistanyň Deli şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen bu sammit wideoaragatnaşyk arkaly guralar. Bu barada Hindistanyň DIM-niň resmi saýtyna salgylanyp, The Hindu neşiri habar berdi.

Hindistanyň başlyklyk etmegine geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitine Türkmenistan hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Şeýle-de sammite gurama agza döwletler bolan Hytaýyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň, üç sany synçy döwlet — Eýranyň, Belarusyň we Mongoliýanyň döwlet ýa-da hökümet ýolbaşçylary gatnaşarlar. Sammite iri halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýeri gelende bellesek, ŞHG-niň mundan ozalky sammiti 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçirilipdi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşandygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan ŞHG-niň we GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlislerine gatnaşdy
Türkmenistan ŞHG-niň Hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşýar
Türkmenistan ŞHG-nyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşar
BMG-niň Baş sekretary Gazagystanda geçjek ŞHG-niň sammitine çagyryldy
Gyrgyzystan, Özbegistan we Russiýa Türkmenistanyň üsti bilen ulag geçelgesini ösdürmekçi
Eýran we Gyrgyzystan Türkmenistanyň üstünden demir ýol geçelgesini işe girizmekçi
Türkmen wise-premýeri we ŞHG-nyň Hökümet Baştutanlary Gyrgyzystanyň Baştutany bilen duşuşdylar