Gerekli Samsung Galaxy Z Fold3 we Flip3 üçin deslapky sargytlary yglan etdi

Gerekli Samsung Galaxy Z Fold3 we Flip3 üçin deslapky sargytlary yglan etdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň täzelikde satuwa çykaran hem-de eýýämden ulanyjylaryň söýgüsini gazanmagy başaran Galaxy Z Fold3 we Flip3 smartfonlary Türkmenistanda hem elýeterli boldy. Samsung-yň çeýe ekranly täze önümlerini öňünden sargyt etmek mümkinçiligini Gerekli onlaýn söwda platformasy hödürleýär.

Gerekli onlaýn söwda platformasy harytlaryň giň toplumyna — elektronika we hojalyk tehnikalaryna, kanselýariýa harytlaryna, gözellik hem saglyk, çagalar üçin esbaplara, egin-eşiklerine we aksessuarlara, haýwanlar üçin harytlara iň amatly bahalary kepillendirýär.

Ulanyjylar Gerekli onlaýn söwda platformasynyň üsti bilen Türkmenistanyň islendik welaýatyna harytlary sargyt edip bilerler. Galyberse-de, elektronika we hojalyk tehnikalaryna tölegleri üstüne goşmaça baha goýmazdan bank kartlarynyň üsti bilen geçirip boýar. 200 manatdan geçen sargytlar Aşgabat şäheri boýunça mugt eltilip berilýär.

Gerekli häzirki wagtda birnäçe arzanlaşyklary hem-de sowgatly söwdalary bilen ulanyjylaryň arasynda meşhurlygyny artdyryp gelýär. Söwda platformasynyň naýbaşy aksiýalaryndan şulary belläp bileris:

Gerekli onlaýn söwda platformasyny Google Play-den hem-de App Store-den ýükläp alyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Samsung 2023-nji ýylda hususy kriptowalýuta biržasyny işe girizmegi meýilleşdirýär
Samsung täze Galaxy A04 bilen tanyşdyrdy
Samsung täze Galaxy A23 5G bilen tanyşdyrdy
Samsung aňyrsy görnüp duran microLED-ekran bilen tanyşdyrdy
Ministr Kajyr Günorta Koreýada, Türkiýäniň Maýa Goýum Mümkinçiliklerini Tanyşdyrdy
“Samsung” aňrybaş täze telewizor çykardy
Dünýäde smartfonlaryň söwdasy 18,3 göterim pese gaçdy