Giriş synaglary 17 — 30-njy iýuly aralygynda geçiriler

14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine we orta hünär okuw mekdeplerine welaýatlar hem-de Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda; orta hünär okuw mekdeplerine 17 — 21-nji awgust aralygynda gurnalar. Okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde geçiriler.

Mejlisde Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesowa we onuň gözegçilik edýän ulgamynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, täze okuw ýylyna toplumlaýyn taýýarlyk görüp başlamagyň hem-de orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýeňil we düýpli abatlaýyş işlerini geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmek, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirmek, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmak tabşyryldy. Şeýle-de bilim maksatnamalaryny we meýilnamalaryny kämilleşdirmegiň, mekdepleri okuw kitaplary, gollanmalar bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň zerurdygy nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25-nji maýda Türkmenistanda köp sanly baýramçylyk çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär
27-nji dekabrda Aşgabatda ýaşlar forumy geçiriler
Türkmenistan saglygy goraýyş boýunça täze halkara güwänamalara mynasyp boldy
Türkmen ýaşlary Hytaýa we Wengriýa okuwa iberiler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi