Goal Çempionlar ligasynda çempion bolup biljek toparlaryň reýtingini düzdi

Goal Çempionlar ligasynda çempion bolup biljek toparlaryň reýtingini düzdi

Goal neşiri Çempinlar ligasynyň täze möwsüminde çempion bolup biläýjek toparlaryň reýting sanawyny düzdi.

Sanawyň başyny Angliýanyň Mançester Siti topary çekýär. Goalyň žurnalistleri Pep Gwariolanyň şägirtlerini çempionlyga ýene-de iň ýakyn topar hasaplaýarlar.

Jemi 15 topardan ybarat reýtingiň ikinji we üçünji orunlaryny nemsleriň Bawariýasy bilen ispanlaryň Barselonasy çekýär. Soňky iki ýylda Ýewropa ligasyna çenli düşen Barselonanyň ilkinji üçlükde görkezilmegi täsin.

Madridiň Realy bilen Londonyň Arsenaly hem ilkinji bäşlige girip bilipdir. Şeýle hem Atletiko (Ispaniýa), Napoli (Italiýa), PSŽ (Fransiýa), Inter (Italiýa) we Benfika (Portugaliýa) toparlary ilkinji 10-lugy jemleýärler.

Mümkinçilikleri az hem bolsa Goal Italiýanyň Milan, Germaniýanyň Borussiýa Dortmund, Portugaliýanyň Portu, Ispaniýanyň Sewilýa we Angliýanyň Mançester Ýunaýted toparlaryny hem çempionlyga dalaşgärleriň hatarynda görüpdirler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy dünýä metbugatynyň sahypalarynda
ANTÓNIO GUTERRES: "THE STATUS OF PERMANENT ТEUTRALITY OF TURKMENISTAN WILL CONTRIBUTE TO STRENGTHENING PEACE AND SECURITY IN CENTRAL ASIA"
“Barselonanyň” stadionyna Messiniň ady dakylyp bilner
“Bawariýanyň” hüjümçisi Lewandowskiý 2020-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi
Turkmenistan and the United Nations are committed to long-term cooperation
Turkmenistan is hosting the International Conference “Rational use of water resources key for achieving the Sustainable Development Goals”