GÖK GÜMMÜRDÄP GITDI UZAK ÝERLERE

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepde Gök gümmürdäp gitdi uzak ýerlere atly Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowy ýatlap, duşuşyk geçirdi.Türkmen edebiýatynyň görnükli şahyry G.Ezizowyň goşgularynda watana söýgi, adamkärçilik, ene-ata hormat, dostluk we durmuş pelsepesi çuňňur beýan edilýär.

Ussat şahyryň eserleri okyjynyň ýüregine ýakyn bolup, şygyrlarynyň ählisi sadalygy we çuň manysy bilen tapawutlanýar.Ol söz arkaly adamlary ýagşylyga çagyrmagy başaran şahyr.Häzirki ajaýyp döwrümizde şahyryň goşguly kitaplary täzeden neşir edilip okyjylar köpçüligine ýetirilýär.

Ine şular babatynda kitaphana hünärmeni ýaş nesillere täsirli gürrüňleri berdi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar edebiýatymyzy, sungatymyzy ösdürmeklige goşant goşan şahsyýetleriň adyny ebedileşdirip, olaryň döredijilik ýolyny öwrenmeklige giň şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen halysy milliligiň gözbaşy
Dost-doganlyk merkezi Ak şäherim Aşgabat
Bagtyýar çagalar Watanymyzyň geljegi
MEDENIÝETMILLETIŇ MERTEBE TUGY
Magtymguly, söz binýadyň…
AKYLDAR ŞAHYRYŇ DÜNÝÄ NUSGALYK ESERLERI