Gökdepe etraby döwlet tabşyrygynyň ýerine ýetirilendigi barada ilkinji bolup hasabat berdi

Şu gün Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň daýhanlary pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilendigi hakynda ýurdumyzda ilkinji bolup hasabat berdiler. Olar Watan harmanyna 9 müň 250 tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyrdylar.

Şeýlelikde, möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymy tamamlaýjy tapgyra gadam basdy.Daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen kemala getirilen pagta ýygymy möwsümini ýokary hilli hem-de bellenilen möhletde geçirmegiň möhümdigi barada 22-nji oktýabrda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda aýratyn nygtaldy.

Iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, daýhanlaryň yhlasly zähmeti netijesinde “ak altynyň” bereketli hasyly ýetişdirildi, häzirki howanyň ýagdaýy hem bol hasylyň ýygnalmagyna oňaýly şertleri döredýär.

Şunda döwlet Baştutanymyz işleri degişli derejede guramak, kärendeçiler bilen öz wagtynda hasaplaşyklary geçirmek üçin hemme çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Kärendeçiler öz asylly zähmeti üçin tölegleri doly möçberde almalydyrlar.

Gökdepe etrabynyň “Yzgant”, “Ýandaklyagyz”, “Ahal”, “Gökdepe”, “Türkmenistan”, “Ýaňgala”, “Üzümçilik”, “Köpetdag”, “Babarap”, “Gorjaw” daýhan birleşikleri hem-de özbaşdak oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri we şu möwsüme gatnaşan beýlekiler şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilmegine mynasyp goşantlaryny goşdular.

Gökdepe etrabynyň “Yzgant” daýhan birleşiginden Baýramgül Baýramowa 9 gektar meýdandan 22 tonnadan gowrak “ak altyny” ýygnap, öz üstüne alan borçnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi. Şeýle hem “Ýandaklyagyz” daýhan birleşiginden Ogultylla Pirowa 6 gektardan 24 tonnadan gowrak, kärendeçi Meýlis Durdymuhammedow 3 gektardan 15 tonnadan gowrak “ak altyn” ýygnadylar. “Türkmenistan” daýhan birleşiginden Zöhre Jallaýewa 5 gektardan 14 tonnadan gowrak hasyl almagy başardy. “Üzümçilik” daýhan birleşiginden Geldimyrat Gulmyradow 5 gektardan 14 tonnadan gowrak, Aşyrgeldi Atahanow bolsa 5 gektardan 14 tonna hasyl ýygnamagy başardylar. “Babarap” daýhan birleşiginden kärendeçi Kerim Orazow bolsa 8 gektar gowaça meýdanyndan 32 tonnadan gowrak “ak altynyň” bol hasylyny Watan harmanyna tabşyrdy.

Ahally pagtaçylaryň zähmet ýeňşi oba hojalyk ulgamynyň ösdürilmegine, ekerançylaryň netijeli zähmet çekmegi üçin şertleriň döredilmegine, obanyň gülläp ösmegine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladalaryna daýhanlarymyzyň öndürijilikli iş bilen jogap berýändikleriniň aýdyň mysalydyr.

Häzirki möwsüm bir million tonnadan gowrak gymmatly çig maly ýygnap alyp, ony Watan harmanyna tabşyrmagy maksat edinýän Türkmenistanyň pagtaçylary üçin möhüm synagdyr. Şu ýylyň sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde kabul edilen netijeli çözgütler hem olary yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Şol çözgütler oba hojalyk pudagyny we obasenagat toplumyny düýpli özgertmäge gönükdirilendir.

Şol çözgütleriň hatarynda daýhan birleşikleriniň ekin meýdanlarynda döwlete tabşyrylmaga degişli bugdaýy, pagtany hem-de beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýörite ýer gaznasyny döretmek hakynda, azyklyk bugdaýyň we pagtanyň satyn alyş nyrhyny ýokarlandyrmak hakynda, ýokary hilli tohum üçin goşmaça tölegleri bellemek hakynda çözgütler bar.

Häzirki oba hojalyk möwsümine gatnaşyjylaryň ählisi — mülkdarlar, kärendeçiler, oba hojalykçy hünärmenler, mehanizatorlar, kabul ediş bölümleriniň, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň barlaghanasynyň işgärleri, awtoulag serişdeleriniň sürüjileri, şu günler bu synaga ýokary derejede hötde gelmek, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýetişdirilen pagtanyň bereketli hasylyny doly we ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmaýarlar.

Olar bu bereketli hasyly Watanymyzyň “ak altyny” diýip mynasyp atlandyrýarlar.

Bu möhüm wezipä üstünlikli hötde gelinmegi ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamagyň depginini güýçlendirmek, çig maly kabul ediş bölümlerine bökdençsiz ibermek hem-de pagta arassalaýjy kärhanalarynda gaýtadan işlemek üçin görülýän guramaçylyk çärelerine gönüden-göni baglydyr. Şoňa görä-de, her bir daýhan birleşiginiň meýdanlarynda, ýygymyň barşy barada täze maglumatlaryň dessine gelip gowuşýan ýeri bolan etraplaryň hem-de welaýatlaryň degişli edaralarynda işler gaýnap joşýar.

Pudagyň düşewüntliligini has-da artdyrmaga we ony tehniki taýdan mundan beýläk-de gaýtadan enjamlaşdyrmaga, gaýtadan işleýän düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga, ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler ýokary derejede bäsdeşlige ukyply oba senagatynyň kemala gelmegi üçin hemme şertleri döredýär.

Oba adamlaryna kömek hökmünde döwrebap pagta ýygýan kombaýnlar, traktorlaryň dürli görnüşleri, beýleki tehnikalar we enjamlar satyn alynýar. Döwletimiziň maliýe taýdan goldamagy, şol sanda ýer üçin ujypsyz tölegiň bellenilmegi, salgytlary tölemekden doly boşadylmagy ýaly ýeňillikler daýhanlara hakyky kömekdir. Tehnikalara hyzmat etmek, tohum, mineral dökün, suw hem-de hyzmatlaryň beýleki görnüşleri kärendeçilere we daýhan birleşiklerine ýeňillikli şertlerde amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan oba özgertmeleri maksatnamasynyň çäklerinde uly işler geçirilýär. Munuň özi adamlaryň durmuş şertleriniň, şol sanda sebitlerde amatly ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap enjamlaşdyrylan mekdepleriň, çagalar baglarynyň, lukmançylyk we medeniýet merkezleriniň, sport desgalarynyň, nusgalyk düzümleri bolan döwrebap şäherçeleriň gurulmagynyň hasabyna gowulandyrylmagyna ýardam edýär.

Ýene degişli makalalar

25.10.2018 | Gökdepe etraby döwlet tabşyrygynyň ýerine ýetirilendigi barada ilkinji bolup hasabat berdi
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçylar düzümini Türkmenistanlyň Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany bilen sylaglady