Görnükli gündogarşynasyň türkmenler barada gündeliginde galdyran ýatlamalary (2-nji bölüm)

Görnükli gündogarşynasyň türkmenler barada gündeliginde galdyran ýatlamalary (2-nji bölüm)

Programmamyzyň geçen sany XX asyryň başlarynda türkmenleriň arasynda ýaşap, ýerli medeniýeti öwrenen görnükli gündogarşynas Samoýlowiçiň türkmenler barada öz gündeliginde galdyran ozal jemgyýetçilige giňden mälim bolmadyk ýatlamalaryna gönükdirildi.

Asly ukrain bolan russiýaly türkologyň 120 ýyllyk gündelik belliklerinde ýaňy bir Rus imperiýasyna tabyn edilen türkmen topragynda rus harbylary bilen ýerli halkyň arasyndaky sazlaşyksyzlyk, türkmenleriň kolonial resmilere çemeleşmeleri, olaryň kolonial jahankeşdelerden çetde durmak islegleri we beýleki ýagdaýlar açylyp görkezilýär.

Samoýlowiç jemi dört gezek Türkmenistana sapar etdi, öz döwründe tanymal türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň ösüp ýetişmegine, olaryň Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda kämil bilim almagyna ýardam berdi, goşant goşdy.

Iň soňunda, türkolog rus täsir giňişliginde bitiren iňňän uly hyzmatlaryna garamazdan, Staliniň repressiýa ýyllarynda “pan-turkizmde” aýyplanyp, 1938-nji ýylda NKWD nökerleri tarapyndan atylyp öldürildi.

Eýsem, XX asyryň başlarynda türkmen diliniň täzeden şekillenmeginde, türkmen edebiýatyndaky nusgawy eserleriň ýüze çykarylmagynda we türkmen medeniýetiniň, halk döredijiliginiň ylmy taýdan öwrenilmeginde başga haýsy dilçi-alymlar we gündogarşynaslar goşant goşdy?

Dünýä Türkmenleriniň bu sany şeýle temanyň töwereginde türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Geçmişe edilýän gözegçilik şu günüň we geljegiň ogurlanmagyny 'nazarlaýar'
Jeditçilik hereketiniň türkmen topragyndaky öwüşginleri
Görnükli gündogarşynasyň türkmenler barada gündeliginde galdyran ýatlamalary
Dünýä türkmenleriniň 24-nji ynsanperwer duşuşygy dünýä türkmenleriniň meselelerini gozgamady’
Milli ýygyndylarymyzyň täze tälimçileri
Rosteh Türkmenistana gaz turbinaly dwigatelleri iberer