Gözellik nusgasy türkmen halysy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen “Türkmen haly” döwlet birleşiginiň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda, Türkmen halysynyň milli baýramy mynasybetli Gözellik nusgasy türkmen halysy atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler görküni tebigatymyzdan, örküni türkmen zenanlarymyzyň yhlasyndan alan, göreni haýrana goýýan halylarymyz gaýtalanmajak gözelligi, deňsiz-taýsyzlygy bilen dünýäde nepisligiň ajaýyp nusgasyna öwrülendigi, şeýle hem halyda milletimiziň ruhy ahwalynyň jemlenendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Halynyň her bir çitimine, nagşyna seredip türkmen topragynyň taryhy wakalary bilen birlikde, ýurdumyzyň tebigatynyň jadyly dünýäsini görüp we okap bolýandygy barada durup geçdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ajaýyp türkmen halyçylyk sungatyny ösdürmekde, dünýä ýaýmakda, geljekki nesillerimize ýetirmekde uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti atly Kararnamasyna bagyşlanan maslahat
Milli miras bedew batly ösüşleriň binýady
Aşgabat parahatçylygyň şäheri
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ HALKARA PARAHATÇYLYGY, HOWPSUZLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞ IŞINI GOLDAMAKDA HEM-DE BERKITMEKDE BITARAPLYK SYÝASATYNYŇ ORNY WE ÄHMIÝETI ATLY KARARNAMASYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT
Gözelligiň göwher gaşy - Aşgabat
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna