Gonkongdaky asman boýly binalaryň ikisi satylar

Gonkongdaky asman boýly binalaryň ikisi satylar

Gurluşykda goýberilen kemçilikler sebäpli Gonkongdaky asman boýly binalaryň ikisi söküler. Has takygy, olar täze Pavilla Farm III kaşaň toplumdaky 57 gatly ýedi binasynyň ikisidir.

Barlaglaryň dowamynda ulanylan betonyň hiliniň bellenen standartlara laýyk gelmeýändigi ýüze çykaryldy. Netijede, desgalary düýbünden sökmek we täzeden gurmak kararyna gelindi. Häzirki wagtda binalaryň binýadynyň we 10 gatynyň gurluşygy tamamlandy.

Binalaryň ýykylmagy we täzeden gurulmagy ony tabşyrmagy 9 aýa çenli gijikdirer. Binalarda meýdany 29-dan 95 inedördül metre çenli üýtgeýän öýleriň bahasy 870 müňden 3 million dollar aralygynda bolar.

Ýeri gelende aýtsak, Gonkong dünýäniň iň gymmat gozgalmaýan emläk bazaryna eýe. Rambler.ru muny ýurduň ýerleşiş aýratynlygy bilen düşündirýär.

Ýene degişli makalalar

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ HALKARA PARAHATÇYLYGY, HOWPSUZLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞ IŞINI GOLDAMAKDA HEM-DE BERKITMEKDE BITARAPLYK SYÝASATYNYŇ ORNY WE ÄHMIÝETI ATLY KARARNAMASYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT
Ukraina Russiýanyň günortasynda porty we nebit ammaryny nyşana aldy
Milletiň saglygy ýurduň baýlygy
Mark Tweniň mülki satlyga çykaryldy
12.02.2018 | Amuldan Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikleri. Orta asyr türkmen şäherleri lukmançylyk ylymlarynyň merkezi
“Sazlaýjy 2” (The Equalizer 2)
08.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Saglyk Döwlet maksatnamasy hereketde