Google kompaniýasy täze Android nyşany bilen tanyşdyrdy

Google kompaniýasy täze Android nyşany bilen tanyşdyrdy

Android ykjam iş ulgamynyň soňky dört ýylda ilkinji gezek nyşany täzelendi, onuň täze şekili we düşündirişi Google kompaniýasynyň resmi saýtynda ýerleşdirildi diýip, Gazeta.ru habar berýär.

2023-nji ýylyň nyşany ilkinji nobatda köne nusgadan Android adynyň ýazylyşy babatda tapawutlanýar, eger öň bu sözüň başky harpy kiçi a görnüşinde ýazylan bolsa, ol indi uly, ýagny А görnüşinde ýazyldy.

Iş ulgamynyň nyşany bolan robotyň şekili hem üýtgedildi, ol indi has uly boldy.

Droid ýüz Androidiň tanalýan bölegi bolup, ol doly göwrümli gahryman görnüşinde şekillendirildi, biz onuň ulgamyň özi ýaly işjeň görünmegi babatda pikirlendik.Biz roboty doly göwrüminde şekillendirdik, bu onuň sanly we hakyky gurşawlaryň arasynda aňsat geçmegini üpjün eder.

Bu bolsa, ony öz gezeginde ähli ýaýlymlarda, şeýle-de ähli platformalarda hem-de kontekslerde ählumumy we ygtybarly ýoldaşa öwürýär diýip, saýtda düşündiriş berilýär.

Google kompaniýasynyň brend-menejeri Jeýson Furnýeniň sözlerine görä, Androidiň täze bezegi enjamlar bilen priloženiýalaryň arasyndaky gatnaşygy has oňat şöhlenendirýär. Ol açyklygy, ýokary işjeňligi we erkinligi beýan edýär. Taze nyşan adamlary özlerine ýaraýan täze nämedir bir zady oýlap tapmaga çagyrýar.

Ýene degişli makalalar

Golliwudyň aktýorlarynyň atlaryny dogry ýazmaga çagyrdylar
Stambul iňlis klublaryna garaşýar
Donald Tramp sosial media gaýdyp gelýär
“Liwerpulyň” 128 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek
Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi
"Altyn globus" film baýraklarynyň dalaşgärleri yglan edildi
Artistler ýylyň iň gowy aktýor we aktrisalaryny saýlaýar