Google serwerler üçin niýetlenen hususy prosessorlaryny döreder

Google serwerler üçin niýetlenen hususy prosessorlaryny döreder

Google kristalyň (SoC) binýadynda serwerleri üçin hususy ulgamlaryny döretmegi maksat edinýär. Munuň üçin kompaniýa eýýäm Inteliň öňki işgärini hakyna tutdy diýip, ferra.ru habar berdi.

Bu barada "Google"-yň ulgam infrastruktura bölüminiň wise-prezidenti Amin Wahdat mälim etdi.Onuň sözlerine görä, serwer derejesindäki SoC-i döretmek - "Google"-yň maglumat merkezleriniň enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmak boýunça nobatdaky ädimidir.

Ondan öň kompaniýa bu ugurda iş alyp barmak bilen, täze komponentleri enelik platanyň düzümine birleşdirdi.Indi bolsa Google bir çipde birnäçe funksiýany jemlemek isleýär.Taslama üçin kompaniýa Inteliň weterany Ýuri Franky işe aldy. Ýuri Frank 2016-njy ýyldan 2020-nji ýyla çenli “Core” prosessorlarynyň ösüşine gözegçilik edipdi. Şeýle hem Google geljekki SoC-lerde ARM ýadrosyny ulanar diýlip çaklanylýar.

Ýene degişli makalalar

Parižde TEIF — 2024 halkara maýa goýum forumynyň ikinji güni başlanýar
Merkezi Aziýada adam gynamalarynyň bes edilmegine çagyryş
19.09.2017 | Wahdat Sultan-zade: Aziýa oýunlary Türkmenistanyň dünýä bileleşigine işjeň goşulyşýanlygyny görkezýär
Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ozalky Ilçisi Wahdat Sultan-zade sport baýramyndan galan täsirler barada gürrüň berýär
Talyban toparynyň syýasy wekiliýeti Eýrana geldi
Täjigistanyň ýygyndysy Aziýa Kubogyny ýarym finalyň bosagasynda terk etdi