Merkezi Aziýada adam gynamalarynyň bes edilmegine çagyryş

Almaty, Bişkek, Brýussel, Duşenbe, Pariž, Wena

26-njy iýun, 2017 ý.

2017-nji ýylyň 26-njy iýunynda, Adam gynamalarynyň pidalaryna goldaw bermegiň Halkara gününde Gazagystanda, HAG-laryň Gyrgyzystanda we Täjigistanda adam gynamalaryna garşy koalisiýasy, Merkezi Aziýada adam hukuklary ugrundaky birleşik, Adam Hukuklaryny goraýan Türkmen inisiatiwasy guramasy we Adam hukuklary baradaky halkara hyzmatdaşlygy Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň ählisini adam gynalmagynyň öňüni almaga, günäkärleri jogapkärçilige çekmäge we adam gynamalarynyň pidalaryna kompensasiýa tölemäge çagyrýar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň häkimiýetleri soňky birnäçe ýylda adam gynalmagynyň öňüni almak babatynda belli bir derejede oňyn ädimleri ätdiler we öz üstlerine bu ugurdaky işleri dowam etdirmek borçnamasyny aldylar.

Mysal üçin, Gazagystanda we Täjigistanda tussag astynda saklanylýan adamlaryň gynalmagyna garşy kepillik bermek babatyndaky kanunçylyk gowulandyryldy we 2017-nji ýylyň fewralynda Gazagystanyň Baş prokuraturasy “Gynagsyz jemgyýete tarap ýolda” atly strategiýasy, şeýle-de adam gynamalarynyň ähli hadysalarynyň garaşsyz derňelmegini özü içine alýan çäreler toplumy bilen tanyşdyrdy.

Gyrgyzystanda, Hökümetiň ýanynda adam hukuklaryny utgaşdyrýan geňeş, adam gynamalarynyň we çak edilýän ýowuz daraşma hadysalarynyň derňelişuini gowulandyrmak maksady bilen, 2017-2020-nji ýyllarda Stambul protokolynyň standartlaryny durmuşa geçirmegiň hereket plany proýektini işläp düzdi.

Türkmenistandaky oňyn özgeriş kanunçylykda adam gynalmagynyň jenaýat hasaplanmagy we tussaglaryň garaşsyz medisina gözegçiliginden geçirilmek mümkinçiligi bilen bagly. Özbegistanda prezident Şawkat Mirziýoýew “Içeri işler ministrligi hakyndaky” kanuna gol çekdi, ol kanunda hukuk goraýjy işgärlere adam gynamagy ulanmak we ýowuz daraşmak gadagan edilýär. Şeýle-de prezident 2018-nji ýyldan başlap, güman edilýän adamlaryň sorag edilişini audio we wideo ýazgysynyň edilmegini nazarda tutýan kanunçylyga gol çekdi.

Bu oňyn özgerişleriň entek durmuşda iş ýüzünde amala aşyrylmagy gerek, şol bir wagtda başga has düýpli problemalar bar.Adam gynalmagy we ýowuz daraşmalar Merkezi Aziýada ozalkylary ýaly düýpli mesele bolmagynda galýar.

Adam gynamalaryn garşy jemgyýetçilik guramalarynyň koalisiýasy tarapyndan 2016-njy ýylda adam gynamalarynyň we ýowuz daraşmalaryň täze mysallary hasaba alyndy: Gazagystanda 163 iş, Gyrgyzystanda 112 iş, Täjigistanda 57 iş.Bular diňe uly problemarynyň çala görünýän bölegi diýlip hasap edilýär.

Sebäbi adam gynamalarynyň pidalarynyň köpüsi we olaryň garyndaşlary, öç alynmagyndan gorkup ýa-da adalatlylygy gazanmak umydyny ýitirip, arz-şikaýat etmekden saklanýarlar.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýapyklygyny nazara alnyňda, bu ýurtlarda adam gynamalarynyň we ýowuz daraşmalaryň ulanylyş gerimine baha bermek örän kyn.Emma garaşsyz çeşmeleriň berýän bahalaryna görä, Türkmenistanda adam gynalmagy hem-de ýowuz daraşmalar giň ýaýran we Türkmenistanyň Garaşsyz ýuristler birleşiginiň geçiren pikir soramalary hukuk goraýjy organlaryň işgärleri tarapyndan saklanan adamlaryň 90 prosentiniň psihiligiki ýa fiziki basyşa sezewar edilýändigini görkezdi. Özbegistanda adam gynalmagynyň ulanylmagy yzygiderli dowam etdirilýär we muňa geçen ýyl ejir çekenlerden we ozalky tussaglardan gowşan köp sanly şikaýatlar hem şaýatlyk edýär.

Bu bäş ýurduň ählisinde adam gynamalary we ýowuz daraşmalar bilen bagly faktlaryň netijeli derňelmegi örän seýrek we olaryň hiç biri häzire çenli bu ugurdaky şikaýatlary derňemek boýunça garaşsyz gurama döretmedi.

Täjigistanda adam gynamalarynyň bäş fakty sebäpli ejir çekenlere kompensasiýa tölendi we bu oňyn ädim bolup durýär, emma tölenen kompensasiýanyň möçberi adalatly bolmady we ýeterlik däl.Gazagystanda hukuk goraýjy organlaryň işgärleri adam gynanmalarynyň pidalaryna galp maglumat bermekde aýyplap jogapkärçilige çekeris diýip haýbat atmak bilen, olaryň şikaýatlarynyň hasaba alynmagyna päsgel bermäge çalyşýarlar.Gyrgyzystanda Baş prokuraturanyň işgärleri adam gynanamlarynyň pidalaryna garşy, olar öz şikaýatlaryny yzyna alan ýa-da çak edilýän jenaýatçylara garşy aýyp bildirmekden ýüz öwren halatlarynda, jenaýat işini gozgamakçydyklaryny mälim etdiler.

Türkmenistanda IIM adam gynama we ýowuz daraşma faktlaryny hasaba almaýar, ýurtda adam gynalandygy üçin (182-nji madda) jenaýat jogapkärçiligine çekilen adam hasaba alynmady. Özbegistanda bar bolan maglumata laýyklykda, milli howpsuzlyk işgärleri hususan-da daşary ýurtdan Özbegistana mejbury dolanan ýada ekstradisiýa edilen adamlara garşy, konstitutusiýa garşy jenaýatlary boýun aldyrmak üçin, adam gynamalaryny ulanýarlar.

Adam gynamalarynyň pidalarynyň agyr ýagdaýlaryna ünsi çekmek üçin, Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Täjigistanda adam gynalmagyna garşy koalisiýa 26-njy iýuna gabatlap, jemgyýetçilik kampaniýalaryny geçirer. Mysal üçin:

Adam gynamalaryna garşy koalisiýa Gazagystanda gynamalaryň pidalarynyň birnäçe taryhyny çap etdi; 1998-nji ýylda Gazagystanda adam gynalmagyna garşy Konwensiýa tassyklanaly bäri adam gynamalaryna garşy alnyp barlan göreşiň taryhy barada wideorolik taýýarlady; şeýle-de Gazagystanyň ýuristleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň gazak häkimiýetlerine adam gynamalaryna garşy görülmeli çäreler boýunça beren esasy sekiz rekomendasiýasyny nygtaýan wideoýüzlenmesini taýýarlady.

Täjigistanda Adam gynamalaryna we jeza berilmezligine garşy graždan jemgyýeti koalisiýasy iýunda “Men adam gynalmagyna garşy! Şu gün!

Ertir!Hemişe!” atly kampaniýa başlady.Bu kampaniýanyň çäginde, Koalisiýany saýtynda gynag we ýowuz daraşma pidalarynyň foto gürrüňleri ýerleşdirildi; gynaga garşy duran žurnalistlere, goşan goşantlary üçin, sylaglar gowşuryldy; jemgyýetdäki habardarlygy ýokarlandyrmak maksady bilen, Duşenbedäki uly köçe monitorlarynda Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine adam gynalmagynyň ulanylmagyna ýol bermezlik baradaky ýüzlenmesinden bölekler alnan rolik görkezilýär.

Sosial ulgamlarda hukuk goraýjylaryň işi barada maglumat berilýär; şeýle-de 28-nji iýunda Horog we Wahdat şäherlerinde adam gynamalarynyň we ýowuz daraşmalaryň pidalarynyň surat sergileri gurnalar.

Gyrgyzystanda Adam gynamalaryna garşy HAG-laryň (hökümetden aýry guramalar) koalisiýasynyň işjeňligi ekspertler bilen telewizion diskussiýalary hem öz içine alar; gynamalaryň pidalarynyň we olaryň maşgalalarynyň başdan geçirenleri barada sergi taýýarlandy; 24-nji iýunda Bişkekde gatnaşyjylar döwlet gurluşlarynyň wekilleri, Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň edarasynyň işgärleri, ýuristler, Adam gynamalaryna garşy HAG-laryň koalisiýasy, žurnalistler, gyrgyz estradasynyň ýyldyzlary we beýlekiler arasynda futbol ýaryşy geçirildi. Ýaryşyň maksady Gyrgyzystanda gynag ulanylmagynyň betbagtçylykly netijelerine garşy bilelikdäki göreşiň aýgytlylygyny görkezmekden ybarat boldy.

Gynansak-da, Türkmenistanyň we Özbegistnyň hökümetleriniň ýapyklygy we raýat jemgyýatine garşy repressiýanyň dowam edýändigi üçin, raýat jemgyýetiniň bu ýurtlarda adam hukuklary barada jemgyýetçilik kampaniýalaryny gurnamak mümkinçiligi ýok.

Ýene degişli makalalar

Parižde TEIF — 2024 halkara maýa goýum forumynyň ikinji güni başlanýar
19.09.2017 | Wahdat Sultan-zade: Aziýa oýunlary Türkmenistanyň dünýä bileleşigine işjeň goşulyşýanlygyny görkezýär
Google serwerler üçin niýetlenen hususy prosessorlaryny döreder
Talyban toparynyň syýasy wekiliýeti Eýrana geldi
Türkmensährada bolan çaknyşyk eýran türkmenleriniň halyndan habar berýär
Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ozalky Ilçisi Wahdat Sultan-zade sport baýramyndan galan täsirler barada gürrüň berýär