Türkmensährada bolan çaknyşyk eýran türkmenleriniň halyndan habar berýär

Türkmensährada bolan çaknyşyk eýran türkmenleriniň halyndan habar berýär

Türkmenleriň arasynda köplenç Türkmensähra atlandyrylýan Demirgazyk Eýranyň Gülistan welaýatynda apreliň ahyrynda onlarça türkmeniň gatnaşmagynda bolan çaknyşyk, köplere görä, Eýranda ýaşaýan etniki türkmenleriň umumy hal-ahwalyndan habar berýär.

Media maglumatlaryna görä, apreliň ahyrynda Demirgazyk Eýranda onlarça etniki türkmen bilen etniki zabylly azlyklarynyň arasynda çaknyşyk boldy.

Maglumata görä, apreliň ahyrynda Ýolma Salýan obasynda ýaşaýan türkmenler bilen Wahdatabad we Ettehad obalaryndaky zabyllylaryň arasynda konflikt ýüze çykypdyr. Çaknyşyga sebiti suw bilen üpjün edýän bir bendiň üstünde köpden bäri dowam edip gelýän dawanyň arasynda, 30-njy aprelde Wahdatabad obasyndan geçip barýan bir etniki türkmen oglanyň ýenjilmegi sebäp bolupdyr.

Bu wakanyň yz ýany, ejir çekeniň hossarlary hüjümiň sebäbini anyklamak üçin Wahdatabada barýar, ýöne olar, media maglumatlaryna görä, Wahtatabatda zamun alynýar. Munuň yz ýany, 30 töweregi Ýolma Salýan ýaşaýjysy obadaşlaryny halas etmek üçin Wadatabada barýar, ýöne ýol üstünde olara ot açylyp, bir türkmeniň aradan çykandygy we 25 töweregi etniki türkmeniň ýaralanandygy habar berilýär.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Eýranda ýaşaýan etniki türkmenleriň mejbur galan çaknyşygy we bu çaknyşygyň fonunda eýran türkmenleriniň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada gürrüň gozgaýar.

Gepleşigimize Türkiýede ýaşaýan asly türkmensähraly alym we ýazyjy Abdyrahman Düýeji gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Parižde TEIF — 2024 halkara maýa goýum forumynyň ikinji güni başlanýar
Merkezi Aziýada adam gynamalarynyň bes edilmegine çagyryş
19.09.2017 | Wahdat Sultan-zade: Aziýa oýunlary Türkmenistanyň dünýä bileleşigine işjeň goşulyşýanlygyny görkezýär
Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ozalky Ilçisi Wahdat Sultan-zade sport baýramyndan galan täsirler barada gürrüň berýär
Google serwerler üçin niýetlenen hususy prosessorlaryny döreder
Talyban toparynyň syýasy wekiliýeti Eýrana geldi