Goranmak ministri Ýaşar Güler gresiýaly kärdeşi Nikos Dendias bilen duşuşyk geçirdi

Goranmak ministri Ýaşar Güler gresiýaly kärdeşi Nikos Dendias bilen duşuşyk geçirdi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä NATO Liderler sammiti üçin Litwanyň paýtagty Wilnýus şäherine sapar guran Prezident Rejep Taýýip Erdogana ýoldaşlyk edýän Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler Gresiýanyň Goranmak ministri Nikos Dendias bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda oňyn gün tertibiniň dowam etmeginiň we diýalog kanallarynyň açyk bolmagynyň ähmiýeti nygtaldy, Ynam artdyryjy çäreler maslahatynyň ýaňadandan başladylmagy babatyndaky ylalaşyk tassyklandy.

Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler Litwanyň paýtagty Wilnýus şäherinde şeýle hem Italiýanyň Goranmak ministri Gwido Krozetto we Estoniýanyň Goranmak ministri Hanno Pewkur bilen duşuşyk geçiripdi.

Ýene degişli makalalar

Milli Goranmak Ministri Güler Gresiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türkiýe, Mark Rutteniň NATO-nyň Baş Sekretarlygyna Goldaw Berýär
Makron Ukraina Goşun Ugradylyp Bilinjekdigini Beýan Etdi
Litwada rus oppozisionere hüjüm guraldy
Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň terrora garşy göreşi tutanýerlilik bilen dowam edýär
Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary