Goşup hem aýryp bilýär

Garynja, delfin, garga, totuguş, belka, ary ýaly jandarlar akylly bolmagy bilen tapawutlanýarlar.Golaýda geçirilen ylmy barlag işleri arylaryň aýyrmak we goşmak alamatlary hökmünde reňklerden peýdalanyp, bu amallary ýerine ýetirip bilýändigini ýüze çykardy.

Eger matematika dünýädäki adamlaryň umumy dili bolsa, arylar bu dili bilýän bolmaly.Haýwanat dünýäsinde san sanamak ukyby bolan jandarlaryň az däldigi öňdenem mälimdi.Aslynda, jandarlaryň azda-kände hasap-hesipden başy çykýan hem bolsa, belli alamatlary ulanyp, amal etmek örän seýrek bolýar.

Häzire çenli diňe şimpanzeler we Afrika çal totuguşlarynyň şeýle ukybynyň bardygy anyklanypdy.Ozalky geçirilen barlaglarda balarylaryň (“Apis mellifera”) dörde çenli sanap bilýändigi we “0” düşünjesine akyl ýetirýändigi öwrenilipdi.

Emma soňky geçirilen barlagda bu kiçijik mör-möjegiň has ukyplydygy anyklandy.Hünärmenler 14 sany ara, gök reňkiň goşmak, sary reňkiň aýyrmak bilen baglanyşyklydygyny öwretdiler.Arylar “Y” görnüşli labirinte salyndy.

Arylara labirintiň başynda köp sanly sary reňkli dörtburçluk görenlerinde olaryň birini aýyrmalydygy öwredildi.Dörtburçluklar gök reňkli bolsa, üstüne bir dörtburçluk goşmak öwredildi.Reňkli dörtburçluklaryň sany birden dörde çenli aralykda üýtgäp durýardy.

Balarylary labirinte girenlerinden soňra iki çykalga bolup, olaryň birinde dogry, beýlekisinde ýalňyş jogap çykýardy.Dogry tarapa uçan ara süýji suw “sylagy” berildi. Ýüz gezekki uçuşdan soňra esasy synaga geçdiler.

Olar bu gezek iki däl-de, üç çykalgadan birini saýlamaly boldular.Arylar çylşyrymly synagda 60-70 göterim dogry netije görkezdiler.Arylar diňe goşmak we aýyrmak amalyny däl eýsem, jisimleri toparlara hem bölüp bilýändigi anyklandy.

Ýene degişli makalalar

Haýwanat bagyndaky iň kiçi jandar
Alymlar Antarktidadaky piramidanyň gelip çykyşyny düşündirdiler
21.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda türkmenleriň janlandyrylan taryhy: Dhistan we Köneürgenç
“Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda türkmenleriň janlandyrylan taryhy: Dhistan we Köneürgenç
Peýdaly oýun Jenga diňi
Bodrum Galasy