Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy Şalwa Papuaşwili Merkezi Aziýa sebitine resmi saparynyň çäginde Türkmenistana geler. Bu barada maglumat Gruziýanyň Parlamentiniň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.
Çeşmede bellenilişine görä, Şalwa Papuaşwili Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Gazagystanyň kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýetiniň ýolbaşçylary bilen ýokary derejeli duşuşyklary geçirer.
Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy Şalwa Papuaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde Gazagystan Respublikasynyň Parlamenti bilen dostluk toparynyň başlygy, Sebit syýasaty we öz-özüňi dolandyryş komitetiniň başlygy Kaha Kahişwili, Türkmenistanyň Mejlisi bilen dostluk toparynyň başlygy, hukuk meseleleri boýunça komitetiň başlygynyň birinji orunbasary Dawid Matikaşwili, Özbegistanyň Mejlisi bilen dostluk toparynyň başlygy, medeniýet komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Irakliý Mezurnişwili, Gruziýanyň Parlamentiniň bilim, ylym we ýaşlar komitetiniň başlygynyň orunbasary Baýa Kwitsýan, Gruziýanyň Parlamentiniň deputaty, Maliýe we býudjet komitetiniň agzasy Anton Obolaşwili, Oba hojalygy komitetiniň agzasy Sozar Subari dagy hem Merkezi Aziýa sebitinde saparda bolarlar.
Sapar 13-nji aprelde tamamlanar.