GTA VI oýun muşdaklaryna geçmişe ser salmaga mümkinçilik berer

GTA VI oýun muşdaklaryna geçmişe ser salmaga mümkinçilik berer

Baryp, 2022-nji ýylyň fewralynda Rockstar GTA-nyň täze bölegini işläp taýýarlaýandygyny aýtmaly bolupdy. Indi bolsa, insaýderiň tagallasy bilen, taslamanyň gyzykly aýratynlyklary hakyndaky maglumat peýda boldy.

GTA VI-nyň saundtrekini döretmäge gatnaşýan, El NitrO 56 lakamy bilen belli bolan reper Aleks Gonsalesiň gürrüň bermegine görä, oýunlaryň görkezilişi ýakynda geçmeli. Şonuň bilen birlikde, ol oýundaky hereketiň bir şäherde, ýöne iki sany tapawutly eýýamlarda bolup geçjekdigini mälim etdi.

Gulagymyza degen has öňräkki gürrüňlere görä, şol diýilýän şäher Vice City bolmalymyş, munuň özi häzirki zaman hakykatyndaky ýaly geýmpleýler bilen birlikde, 80-nji ýyllardaky ýalylaryna-da garaşybermeli.Ozal internet-çeşmeleriň GTA VI bilen bagly ilkinji rolige eýýäm 15-16-njy maý aralygynda garaşybermelidigini aýdandyklaryny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Rockstar Games kompaniýasy GTA VI oýnuny işläp düzendigini habar berdi
Soul aýdym-sazynyň ägirdidi
35-nji “MTV Video” aýdym-saz baýraklarynyň ýeňijileri
Aşgabatlylar hindi tanslaryna tomaşa etdiler
Ilkinji uçurylyşy
Nemes metbugaty: Türkmenbaşynyň maşgalasy Berlinde gurluşyk taslamalaryna maýa ýatyrýar