Rockstar Games kompaniýasy GTA VI oýnuny işläp düzendigini habar berdi

Rockstar Games kompaniýasy GTA VI oýnuny işläp düzendigini habar berdi

Grand Theft Auto kompýuter oýunlarynyň täze bölüminiň üstünde gyzgalaňly işlenýär, bu barada Rockstar Games kompaniýasy öz resmi saýtynda habar berdi diýip, MIR24 saýty ýazýar.

Oýnuň işläp düzüjileri onuň täze bölüminiň has-da özüne çekiji boljakdygyny wada berýärler.

Mundan başga-da studiýa PlayStation 5 we Xbox Series X|S konsollary üçin GTA V atly meşhur oýnuň täze nusgasynyň çykjakdygyny habar berdi, ol 4K çözgüdine eýe bolup, kadrlaryň tizligi sekuntda 60-a ýeter, oýun öňkülerden çalt ýüklener we teksturasy hem gowy hilli bolar.

GTA V häzir adybir nusgawy oýnuň iň hyrydarly bölümi bolmagynda galýar, ol konsollar üçin 2013-nji ýylda goýberilipdi, kompýuter nusgasy iki ýyl soň satuwa çykdy.

Ýene degişli makalalar

GTA VI oýun muşdaklaryna geçmişe ser salmaga mümkinçilik berer
Soul aýdym-sazynyň ägirdidi
35-nji “MTV Video” aýdym-saz baýraklarynyň ýeňijileri
Aşgabatlylar hindi tanslaryna tomaşa etdiler
Ilkinji uçurylyşy
Nemes metbugaty: Türkmenbaşynyň maşgalasy Berlinde gurluşyk taslamalaryna maýa ýatyrýar