guduz

Azatlygyň habarçysynyň we çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, Balkan sebitiniň obalarynda itleriň we pişikleriň guduzlamagy, bu näsaglygyň çagalara ýokuşmagy bilen bagly hadysalar köpelýär. Emma redaksiýa, türkmen häkimiýetleriniň keselçilikler, hususan-da ýokanç keseller baradaky maglumatlary berk gadaganlykda saklamagy zerarly, bu maglumat barada hiç bir resmi düşündiriş alyp bilmeýär.

Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylaryň, hünärmenleriň tassyklamagyna görä, guduzlan itlerden we pişiklerden geçýän näsaglygy bejermek üçin göbegiň töwereginden we eliň ýumşak ýerinden urulýan sanjymlar diňe gerek ýerinde tanşy ýa goldawy bar adamlar üçin mugt bolup, ýönekeý halk üçin bu mümkinçilik döredilmeýär.

“Ýönekeý adamlar guduz keseline garşy urulýan sanjymy hususy dermanhanalardan 300 manatdan satyn almaga mejbur bolýarlar” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.

Bereket etrabynyň dag etegindäki obalaryň käbirinde, gür ilatly ýerlerde, guduz keseli bilen bagly hadysalaryň köpelmegi sebäpli, saglyk edaralary tarapyndan öňüni alyş çäreleri görülýär, karantin yglan edilip, çagalaryň mekdebe gatnamagy wagtlaýyn togtadylýar diýip, habarçymyz oba ýaşaýjylaryna salgylanyp aýtdy. Azatlyk öz çeşmeleriniň howpsuzlyk aladalary sebäpli, obalaryň atlaryny aýtmakdan saklanýar.

Çeşmeleriň tassyklamagyna görä, guduz wirusy dag eteklerinden obalara aralaşýan şagallaryň, möjekleriň oba itleri bilen uruşmagy netijesinde ýaýraýar. Oba itleri bolsa käte mekdebe barýan çagalary ýarýar.

“Bir çaga guduz wirusynyň ýokuşandygy anyklanyp, soň ol okuwçy bilen mekdep partasynda bile oturan, arakesmede söhbetdeş bolan klasdaşlary, näsaglan çaganyň ýakynlary karantine alnyp, gözegçilikde saklamaly bolýan adamlaryň uzyn zynjyry emele gelýär” diýip, bir ýaşaýjy bu ýagdaýyň sebitde uly alada öwrülip barýandygyny belledi.

Aýry-aýrylykda gürleşilen ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, guduz wirusy ýokuşanda, dümew, sowuklama ýokuşan adamdaky alamatlara meňzeş ýagdaýlary görkezýär, beden gyzgynlygy ýokarlanýar, gözüň içi gyzarýar.

Şeýle-de, bu wirusyň adamdan adama elleşip salamlaşylan halatynda, ýakyn aralykda oturyp gürleşen ýagdaýynda hem ýokuşyp bilýändigi aýdylýar.

“Bu etiologiýaly wirus bolup, adamyň nerwisine we beýnisine zeper ýetirip, 12 günden 1 ýyla çenli aralykda ýüze çykyp biler” diýip, bir hünärmen aýtdy.

Habarçy bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmen häzir Türkmenistanda guduz wirusynyň aşa köpelendigini, soňky aýlarda ýurtda we Balkan welaýatynda dörän ýagdaýyň aýratyn alada döredýändigini aýtdy.

Söhbetdeşlerimiziň käbiri bu keselçiligiň ýurduň oba hojalyk ýolbaşçylarynyň öz işlerine geleňsizligi sebäpli köpelendigini öňe sürse, beýlekileri Döwlet weterinariýa gullugynyň öz işine sowuk-sala çemeleşýändigini öňe süýrär.

“Obalardaky itlere we pişiklere möwsümleýin guduza garşy sanjym işleri geçirilmeýär, oba hojalyk pudagyna berilýän üns peseldi, netijede ýurduň maldarçylyk pudagy diňe bir guduzlamadan däl, her dürli başga ýokanç keseller sebäpli hem dargap biler” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, adamlar “sygyr, it, pişik bolsa, owarrama gitsin, bu wirus çagalaryň, uly adamlaryň ömrüne hem uly howp salýar” diýýärler.

Azatlygyň söhbetdeşleri bu hassalygyň adamlary obalardan, etrap ýerlerinden welaýat merkezlerine gatnap, saglyk barlagyndan geçmäge, analizleriň netijelerine garaşmaga, hemme ýerde elýeterli bolmadyk dermanlary gözlemäge mejbur edýändigini gürrüň berdiler.

Bereket etrabynyň bir ýaşaýjysy çagalaryň arasynda keseli beterleşip, soňky derejä ýeteninden soň bejergi alyp başlaýan näsaglaryň hem bardygyny, bu ýagdaýyň adamlaryň bejerip bolýan kesellerden aman galmagyny kynlaşdyrýandygyny aýtdy.

“Ýurtda medisina medeniýeti pes diýsem, öte geçdigim bolmaz.Oba mekdeplerinde çagalara berilýän bilim-düşünjäniň derejesini ýokarlandyrmaly.Köçede it dişlese, bolan işi öýüne gelip aýtman, gizläp saklaýan çagalar hem bar.

Guduzlama, ýylan, içýan çakmagy ýaly hadysalar barada çagalara 1-nji klasdan başlap düşünje bermeli.Mekdep programmasy ýalňyş” diýip, ýerli hünärmen çagalaryň köp wagtynyň diňe Arkadagly Serdar sapaklary, propaganda goşgulary bilen ogurlanýandygyny’ öňe sürdi.

Onuň pikiriçe, mekdep programmasy düzülende, ösen günbatar, gündogar ýurtlarynyň tejribelerini nusga edinmeli.

“Yzdan gelýän nesilleriň saglygyny gorajak bolsak, Hytaý, Ýaponiýa ýaly ýurtlaryň mekdep programmalarynda çagalara öz beden, ruhy saglygyny goramak üçin öwredilýän endikleri öwrenip, olary türkmen çagalaryna hem öwretmek barada sosial mediada açyk çekişme, pikir alyşma guramaly, boş gürrüňlere, warsaky aýdymlara wagt ýitirmeli däl” diýip, bu pikire ýewropa ýurtlarynyň birinde ýaşaýan diňleýjimiz hem goldaw bildirdi.

Azatlygyň habarçysy mart aýynda Balkanda mallaryň arasynda ýaýraýan guduzlamanyň adamlara hem ýokuşmak ähtimallygyny güman edilýändigini we birnäçe obanyň karantine astyn alnandygyny habar beripdi.

7-nji martda Balkandan we Lebapdan gowşan habarlara görä, iri şahly mallarda anyklanan guduzlama keseli ýüzlerçe adamyň hassahanalarda bejergi almagyna sebäp boldy.

Emma türkmen häkimiýetleri bu aladaly habarlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.

Ýene degişli makalalar

Diňle: "Guduz ýokuşmalary' ilatda alada döredýär, saglyk resmileri düşündiriş bermeýär
Şemşat Kasymowa: Teatr we kino goşa ganatym
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sadaka gatnaşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sadaka gatnaşdy
Çempionlar Ligasynda myhmançylykdaky toparlar hezil etdi
Türkmenistan Germaniýa energetika pudagynda hyzmatdaşlygy teklipetdi, Sankt-Peterburgda türkmen esgerleri hatyralandy, Aşgabatda Molýeriň pýesasyna esaslanan spektaklyň ilkinji görkezilişi bolar we beýleki habarlar