Güler Sabanjy Dünýäniň Iň Güýçli 100 Zenanyndan Biri

Güler Sabanjy Dünýäniň Iň Güýçli 100 Zenanyndan Biri

Sabanjy Holdingiň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Güler Sabanjy, “Dünýäniň iň güýçli 100 zenany” sanawyna girmegi başaran ýeke-täk türk işewür zenany boldy.

Dünýäniň köp tiražly işewürler žurnalyndan biri bolan “Forbes” tarapyndan her ýyl taýarlanýan “Dünýäniň iň güýçli 100 zenany” sanawyna girmegi başaran ýeke-täk türk işewür zenany Sabanjy, sanawda 81-nji orny eýeledi.

Sanawda Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen birinji, Ýewropanyň Merkezi bankynyň başlygy Kristin Lagard ikinji, ABŞ-nyň Wise-prezidenti Kamala Harris bolsa üçünji orny eýeledi.

Žurnal tarapyndan berlen beýannamada, Güler Sabanjynyň Sabanjy gaznasynyň we Sabanjy uniwersitetiniň dolandyryjylar geňeşiniň başlygydygy ýatladyldy.

Ýene degişli makalalar

Ursula fon der Lýaýen, “Forbes”-iň täsirli zenanlarynyň sanawynda birinji orunda durýar
ABŞ-nyň Wise-prezidenti Kamala Karris Afrika Ýurtlarynda Saparda Bolar
ABŞ-nyň Wise-prezidenti Ilkinji Afrika Saparyny Gana, Tanzaniýa we Zambiýa Guraýar
ABŞ, Ysraýyla Goldaw Bermäge Dowam Eder
Harris: "Russiýa Ukrainada adamzat jenaýatyny edýär" diýdi
Ýaponiýa öňki Premýer-ministr Sindzo Abe bilen hoşlaşdy